Sepanýa Chapter 1

For English

Read Sepanýa Chapter 1 Online

Read Sepanýa Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Sepanýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Sepanýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Sepanýa 1

Bap 1

1. Amonyň ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalyk sürýän döwründe Kuşynyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Amarýanyň çowlugy, Hizikiýanyň ýuwlugy Sefanýa Rebbiň şu sözi geldi.

2. «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek.

3. Ynsanu-haýwany, Gökdäki guşlary, Deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, Ynsany ýer ýüzünden ýok etjek» diýýär Reb.

4. «Ýahuda, hatda Iýerusalima garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Maňa biwepalyk eden ruhanylary ýok ederin.

5. Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,

6. Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary Bu ýerden ýok ederin».

7. Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, Çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.

8. «Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, Ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.

9. Şol gün galp hudaýlara sežde edýänleri, Öz hudaýlarynyň buthanasyny Zulum hem hileden Doldurýanlaryň baryny jezalandyraryn».

10. Reb şeýle diýýär: «Şol gün Balyk derwezesinden ahy-nala, Şäheriň täze böleginden dady-perýat, Baýyrlardan güňleç ses eşidiler.

11. Eý, bazaryň golaýynda ýaşaýanlar, perýat ediň! Ähli söwdagärleriňiz ýok ediler, Kümüş ölçeýänleriňiziň bary gyrlar.

12. Şonda Men Iýerusalimi Çyra bilen agtaryp, Düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, Içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ Diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.

13. Mal-mülkleri olja bolar, Jaýlary haraba döner, Jaý salynsalar-da Ýaşamazlar onuň içinde, Üzüm agaçlaryny oturdarlar, Emma olaryň şerabyndan içmezler».

14. Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol, Hasratlydyr Rebbiň şol güni, Batyr esger ajy perýat eder.

15. Şol gün – gazap güni, Betbagtçylyk, muşakgat güni, Weýrançylyk we harabalyk güni, Garaňkylyk we gam-gussa güni, Bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.

16. Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, Uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.

17. Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin, Olar kör adam kimin ýörärler, Ganlary suw deýin döküler, Bedenleri ders kimin çüýrär, Çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.

18. Rebbiň gazaply gününde, Altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary, Rebbiň gabanjaňlyk odunda Bütin dünýä ýanyp kül bolar, Çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny Gyryp ýok eder.

About Sepanýa Chapter 1

Read Sepanýa Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Sepanýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Sepanýa
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Sepanýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Sepanýa Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Sepanýa Chapter 1?

Sepanýa Chapter 1 is part of the Book of Sepanýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Sepanýa Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from Sepanýa

  1. Sepanýa Chapter 2
  2. Sepanýa Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 26
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  3. Danyýel Chapter 4
  4. Zebur Chapter 5
  5. Ezekiýel Chapter 15
  6. Zebur Chapter 42
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *