1 Şamuwel Chapter 11

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 11 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 11

Bap 11

1. Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.

2. Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi çykaryp, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.

3. Ýabeşiň ýaşululary oňa: «Bize ýedi gün puryja ber; Ysraýylyň ähli ýerine çaparlar göndereli. Eger ol ýerden bize kömek eder ýaly adam tapylmasa, onda biz siziň ygtyýaryňyzda» diýdiler.

4. Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady.

5. Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar.

6. Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň ruhy güýç bilen onuň kalbyna girdi. Şawulyň gaty gahary geldi.

7. Ol iki sany öküzi soýup, olaryň etini dogrady. Soňra «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, onuň-da öküzleriniň başyna şu öküzleriň güni geljekdir» diýen sözler bilen etleri çaparlar arkaly Ysraýylyň ähli ýerine iberdi. Onsoň halky Rebbiň haýbaty gurşap aldy, olar bir adam ýaly bolup ýygnandylar.

8. Şawul olary Bezege ýygnady. Ol ýere Ysraýyldan üç ýüz müň adam, Ýahudadan otuz müň adam toplandy.

9. Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.

10. Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler.

11. Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.

12. Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler.

13. Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.

14. Soňra Şamuwel olara: «Ýörüň, Gilgala gideliň-de, ol ýerde Şawulyň şalygyny täzeden tassyklalyň» diýdi.

15. Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.

About 1 Şamuwel Chapter 11

Read 1 Şamuwel Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 11
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 11?

1 Şamuwel Chapter 11 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 24
  5. 1 Şamuwel Chapter 22
  6. 1 Şamuwel Chapter 1
  7. 1 Şamuwel Chapter 28

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 66
  2. Rut Chapter 4
  3. Nehemýa Chapter 1
  4. Çölde Chapter 27
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 9
  6. Hoşeýa Chapter 8
  7. Müsürden çykyş Chapter 27

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 39
  2. Lewiler kitaby Chapter 9
  3. Resullaryň Işleri Chapter 24
  4. Zebur Chapter 83
  5. Gelip çykyş Chapter 20
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  7. 2 patyşalar Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *