Read Ýeşuwa Chapter 5 Online
Read Ýeşuwa Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýeşuwa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýeşuwa 5
Bap 5
1. Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň onuň suwuny gury ýere öwrendigini eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.
2. Şol wagt Reb Ýeşuwa: «Çakmak daşyndan pyçaklar ýasa we öň ysraýyllaryň ata-babalarynyň sünnetlenişi ýaly, bulary hem sünnetle» diýdi.
3. Şeýlelikde, Ýeşuwa özüne aýdylyşy ýaly etdi we sünnet edilýän ýer Gibegat Haralot diýlip atlandyryldy.
4. Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler.
5. Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma ýoldaky çölde soňky doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.
6. Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdançylyk çekdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.
7. Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi.
8. Halkyň ähli erkekleri sünnetlenip gutarlandan soň, olar gutulýançalar düşelgede galdylar.
9. Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).
10. Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.
11. Ertesi gün birinji gezek olar Kenganyň hasylyndan petir we gowurga iýdiler.
12. Olar bu ýurduň önümlerinden birinji gezek iýenlerinde, şol günüň ertesi mannanyň ýagmasy galdy. Ysraýyllar şondan soň manna ýaganyny görmediler, şol ýyl olar Kenganyň ýerinde bitýän iýmitlerden iýdiler.
13. Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.
14. Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňyza näme hyzmat?» diýip sorady.
15. Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.
16. Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.
About Ýeşuwa Chapter 5
Read Ýeşuwa Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýeşuwa
Chapter: 5
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýeşuwa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýeşuwa Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýeşuwa Chapter 5?
Ýeşuwa Chapter 5 is part of the Book of Ýeşuwa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýeşuwa Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 11
Explore More from ýeşuwa
- Ýeşuwa Chapter 17
- Ýeşuwa Chapter 11
- Ýeşuwa Chapter 7
- Ýeşuwa Chapter 8
- Ýeşuwa Chapter 16
- Ýeşuwa Chapter 6
- Ýeşuwa Chapter 20