Nehemýa Chapter 4

For English

Read Nehemýa Chapter 4 Online

Read Nehemýa Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nehemýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Nehemýa 4

Bap 4

1. Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, ol gaty gaharlandy we gazap donuny geýip, ýahudalaryň üstünden gülmäge başlady.

2. Sanballat öz ýaranlarynyň we Samarýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudalar näme edip ýörler? Olar näme hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan bina galdyraýjaklarmyka?»

3. Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»

4. Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber!

5. Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.

6. Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.

7. Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.

8. Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.

9. Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk.

10. Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.

11. Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler.

12. Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudalar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.

13. Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.

14. Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»

15. Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.

16. Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular.

17. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.

18. Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa meniň ýanymda durdy.

19. Men beglere, baştutanlara we halkyň galanyna: «Iş köp we onuň gerimi giň, diwaryň üstünde biz dagynyk we biri-birimizden uzak.

20. Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim.

21. Şeýdip, biz her gün daň atandan gün batýança işledik, adamlaryň ýarysy naýzalar göterdi.

22. Şol wagt men ýene-de halka ýüzlenip: «Gije bizi gorap, gündizem işlär ýaly, goý, her kim öz hyzmatkäri bilen Iýerusalimde gije ýatymlyk galsyn» diýdim.

23. Şeýdip, ne men, ne garyndaşlarym, ne hyzmatkärlerim, ne-de yzymdaky janpenalarym – hiç birimiz eşigimizi çykarmadyk. Ýaraglarymyz hem sag elimizdedi.

About Nehemýa Chapter 4

Read Nehemýa Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Nehemýa
Chapter: 4
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nehemýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Nehemýa Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Nehemýa Chapter 4?

Nehemýa Chapter 4 is part of the Book of Nehemýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Nehemýa Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from nehemya

  1. Nehemya Chapter 12
  2. Nehemya Chapter 11
  3. Nehemya Chapter 4
  4. Nehemya Chapter 13
  5. Nehemýa Chapter 1
  6. Nehemya Chapter 2
  7. Nehemýa Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 4
  2. Malaky Chapter 1
  3. Işaýa Chapter 44
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 10
  5. Ezekiýel Chapter 47
  6. Nagmalar nagmasy Chapter 8
  7. Işaýa Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *