Read Işaýa Chapter 59 Online
Read Işaýa Chapter 59 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 59
Bap 59
1. Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
2. Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.
3. Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen murdarlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.
4. Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.
5. Kepjebaşyň ýumurtgalaryny basyrýarlar, möý kerebini dokaýarlar; olaryň ýumurtgalaryny iýen ölýär, alahöwren çykýar döwlen ýumurtgadan.
6. Kerebinden eginbaş bolmaz olaryň, gazananlary bezenenlerine ýetmeýär, işleri erbet işdir, ellerinde zorluk işi.
7. Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.
8. Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler.
9. Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne, diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.
10. Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.
11. Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.
12. Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.
13. Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.
14. Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.
15. Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.
16. Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.
17. Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, halas ediş tuwalgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.
18. Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.
19. Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
20. «Siýona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler» diýýär Reb.
21. «Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.
About Işaýa Chapter 59
Read Işaýa Chapter 59 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 59
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 59 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 59?
Işaýa Chapter 59 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 59 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 27
- Isaya Chapter 13
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 34
- Isaya Chapter 28
- Isaya Chapter 26
- Isaya Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- 2 Şamuwel Chapter 10
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 33
- Ýermeýa Chapter 40
- Zebur Chapter 125
- Gelip çykyş Chapter 7
- Ysraýyl serdarlary Chapter 7
- Ysraýyl serdarlary Chapter 15