Müsürden çykyş Chapter 37

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 37 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 37

Bap 37

1. Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.

2. Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy.

3. Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.

4. Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.

5. Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi.

6. Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi.

7. Gapagyň her iki ýan çetinde döwme sap altyndan iki sany kerup ýasady.

8. Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi.

9. Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip durdular.

10. Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.

11. Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy.

12. Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy.

13. Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi.

14. Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi.

15. Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.

16. Hantagtada goýar ýaly sap altyndan şu gap-gaçlary ýasady: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.

17. Besalel sap altyndan şemdan ýasady. Şemdanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik ýoly bilen döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gülgunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi.

18. Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy.

19. Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady.

20. Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gülgunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy.

21. Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi.

22. Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady.

23. Şemdana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady.

24. Şemdany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman bolan sap altyndan ýasady.

25. Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady.

26. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi.

27. Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi.

28. Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.

29. Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady. ‎

About Müsürden çykyş Chapter 37

Read Müsürden çykyş Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 37
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 37 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 37?

Müsürden çykyş Chapter 37 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 37 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 3
  2. Müsürden çykyş Chapter 12
  3. Müsürden çykyş Chapter 27
  4. Müsürden çykyş Chapter 11
  5. Müsürden çykyş Chapter 33
  6. Müsürden çykyş Chapter 9
  7. Müsürden çykyş Chapter 17

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 21
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 10
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  5. Gelip çykyş Chapter 34
  6. Ýermeýa Chapter 38
  7. Ýermeýa Chapter 32
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *