Read Ezra Chapter 5 Online
Read Ezra Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezra in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezra and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezra 5
Bap 5
1. Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýewreýlere Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler.
2. Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.
3. Şol bir wagtda Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary ýahudalaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?»
4. Şeýle hem olardan: «Bu binany gurýanlaryň atlary kim?» diýip soradylar.
5. Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýewreý ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýewreýleriň işini togtadyp bilmediler.
6. Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleriniň patyşa Darýuşa iberen hatynyň nusgasy şudur:
7. Olar şeýle mazmunly hat ýazdylar: «Patyşa Darýuşa dogaýy salam!
8. Biz Ýahuda etrapyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik we üstünlik bilen alnyp barylýar.
9. Onsoň biz olaryň ýaşulularyndan: „Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?“ diýip soradyk.
10. Şeýle hem biz Size habar bermek we olaryň ýaşulularynyň atlaryny ýazyp almak niýeti bilen olardan atlaryny soradyk.
11. Olar bize şeýle jogap berdiler: „Biz ýeriň we Gökdäki Hudaýyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.
12. Emma atalarymyzyň Gökdäki Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.
13. Ýöne Babyl patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda, ol Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi.
14. Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy. Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.
15. Kureş patyşa oňa: ‘Bu gap-gaçlary al-da, Iýerusalimdäki ybadathana eltip goý hem-de Hudaýyň öýüni öňki ýerinde gurdur’ diýdi.
16. Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.
17. Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».
About Ezra Chapter 5
Read Ezra Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezra in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezra
Chapter: 5
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezra. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezra Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezra Chapter 5?
Ezra Chapter 5 is part of the Book of Ezra in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezra Chapter 0 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezra
- Ezra Chapter 10
- Ezra Chapter 4
- Ezra Chapter 1
- Ezra Chapter 10
- Ezra Chapter 1
- Ezra Chapter 3
- Ezra Chapter 1
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 94
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- Müsürden çykyş Chapter 17
- Lewiler kitaby Chapter 22
- Işaýa Chapter 54
- Işaýa Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 31