Ýeşuwa Chapter 17

For English

Read Ýeşuwa Chapter 17 Online

Read Ýeşuwa Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýeşuwa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýeşuwa 17

Bap 17

1. Şeýle hem, manaşe tiresi üçin hem bije atyldy, çünki Manaşe Ýusubyň ilkinji doglan ogludy. Manaşeniň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça oňa Gilgat we Başan berildi.

2. Galan manaşe tiresiniň uruglarynyň, ýagny Abigezer, Helek, Asryýel, Şekem, Heper we Şemida uruglarynyň hem bije boýunça paýlary bardy. Bular Ýusubyň ogly Manaşeniň erkek nesilleridi.

3. Manaşeniň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selopehadyň ogul perzendi bolmandyr. Onuň diňe bäş gyzy bolupdyr, olaryň atlary şular: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.

4. Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa erkek garyndaşlarymyz bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem erkek garyndaşlarynyň arasynda mülk berdi.

5. Manaşe tiresine Iordanyň gündogaryndaky Gilgatdan we Başandan başga-da, on paý ýer berildi.

6. Sebäbi Manaşeniň gyzlary hem edil ogullary ýaly mülk aldylar. Gilgadyň ýeri beýleki galan Manaşe nesillerine degişlidi.

7. Manaşeniň tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär.

8. Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşä degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşeniň araçäginde ýerleşýärdi.

9. Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşede ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşeniň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar.

10. Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşä degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.

11. Ysakardan we Aşerden manaşelere obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.

12. Manaşeler ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.

13. Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.

14. Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.

15. Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.

16. Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demirden söweş arabalary bar» diýdiler.

17. Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşelere we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir.

18. Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».

About Ýeşuwa Chapter 17

Read Ýeşuwa Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýeşuwa
Chapter: 17
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýeşuwa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýeşuwa Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýeşuwa Chapter 17?

Ýeşuwa Chapter 17 is part of the Book of Ýeşuwa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýeşuwa Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýeşuwa

  1. Ýeşuwa Chapter 18
  2. Ýeşuwa Chapter 12
  3. Ýeşuwa Chapter 7
  4. Ýeşuwa Chapter 16
  5. Ýeşuwa Chapter 5
  6. Ýeşuwa Chapter 13
  7. Ýeşuwa Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 64
  2. 1 Korintoslylara haty Chapter 11
  3. Ýahýanyň birinji haty Chapter 2
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  5. Çölde Chapter 34
  6. Zebur Chapter 132
  7. 2 Şamuwel Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *