Read Çölde Chapter 15 Online
Read Çölde Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Çölde 15
Bap 15
1. Reb Musa şeýle diýdi:
2. «Ysraýyllara aýt, mesgen tutmagyňyz üçin Meniň size berýän ýurduma gireniňizde,
3. gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
4. Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.
5. Mundan başga-da siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.
6. Goçuň ýany bilen bir ýarym küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny beriň.
7. Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň.
8. Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,
9. onda öküz bilen birlikde iki küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň.
10. Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
11. Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň.
12. Sadaka berilýän mallaryň sanyna görä onuň ýany bilen berilýän sadakanyň hem mukdary artdyrylsyn.
13. Asly ysraýyl bolan her bir adam ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bereninde, şu aýdylanlary berjaý etsin.
14. Araňyzda mydamalyk ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan gelmişeklerden biri ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bermekçi bolsa, ol hem şu kadalary berjaý etsin.
15. Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir.
16. Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir».
17. Reb Musa şeýle diýdi:
18. «Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň,
19. şol topragyň çöreginden iýeniňizde, siz ondan Rebbe sadaka berersiňiz.
20. Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň.
21. Ilkinji hamyrdan Rebbe berýän bu sadakaňyz nesiller boýy dowam etsin.
22. Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz
24. we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.
25. Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.
26. Bütin ysraýyl halkynyň hem, olaryň arasyndaky gelmişekleriň hem günäsi geçiler, çünki halk tötänlikden günä gazandy.
27. Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin.
28. Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.
29. Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.
30. Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
31. Rebbiň sözüni äsgermezlik edip, Onuň tabşyrygyny bozandygy üçin, beýle adam bütinleý kowlup çykarylsyn. Öz jezasyny çeksin».
32. Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler.
34. Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar.
35. Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi.
36. Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi.
37. Reb Musa şeýle diýdi:
38. «Ysraýyllara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar.
39. Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.
40. Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz.
41. Hudaýyňyz Reb – Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin!»
About Çölde Chapter 15
Read Çölde Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Çölde
Chapter: 15
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Çölde Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Çölde Chapter 15?
Çölde Chapter 15 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Çölde Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from çölde
- Çölde Chapter 11
- Çölde Chapter 4
- Çölde Chapter 3
- Çölde Chapter 26
- Çölde Chapter 36
- Çölde Chapter 34
- Çölde Chapter 28
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 60
- Lewiler kitaby Chapter 10
- Zebur Chapter 22
- 2 patyşalar Chapter 4
- 1 Şamuwel Chapter 19
- Nehemýa Chapter 6
- Ýermeýa Chapter 43