Süleýmanyň pähimleri Chapter 29

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 29

Bap 29

1. Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.

2. Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Ýaramazlar höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.

3. Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.

4. Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.

5. Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.

6. Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.

7. Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, ýaramaz bolsa şu meselä düşünýänem däldir.

8. Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.

9. Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.

10. Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.

11. Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.

12. Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary ýaramaz bolar.

13. Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.

14. Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.

15. Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.

16. Ýaramazlar güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.

17. Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.

18. Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.

19. Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz.

20. Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.

21. Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.

22. Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.

23. Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.

24. Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.

25. Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.

26. Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.

27. Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem ýaramazlara ýigrenjidir. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 29

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 29
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 29?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 29 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from suleymanin-pahemleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 4
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 20
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 33
  2. Kanun taglymaty Chapter 27
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13
  4. Zebur Chapter 58
  5. Zebur Chapter 149
  6. Zebur Chapter 31
  7. Ester Chapter 8
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *