Nehemýa Chapter 12

For English

Read Nehemýa Chapter 12 Online

Read Nehemýa Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nehemýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Nehemýa 12

Bap 12

1. Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýeşuwa bilen gelen ruhanylardyr lewiler: Seraýa, Ýermeýa, Ezra,

2. Amarýa, Malluk, Hatuş,

3. Şekanýa, Rehum, Meremot,

4. Ydo, Ginetoý, Abyýa,

5. Miýamyn, Magadýa, Bilga,

6. Şemagýa, Ýoýaryp, Ýedagýa,

7. Sallu, Amok, Hilkiýa, Ýedagýa. Ýeşuwanyň döwründe bular öz doganlarynyň we ruhanylaryň baştutanlarydylar.

8. Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler.

9. Olaryň doganlary Bakbukýa bilen Unny hem ybadat edilende olaryň garşysynda durardylar.

10. Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.

11. Ýoýada Ýonatanyň atasydyr. Ýonatan Ýaduwanyň atasydyr.

12. Ýoýakymyň baş ruhany bolan döwründe şu ruhanylar urugbaşylar bolupdylar: Seraýa urugyndan Meraýa, Ýermeýa urugyndan Hananýa,

13. Ezra urugyndan Meşullam, Amarýa urugyndan Ýehohanan,

14. Meliku urugyndan Ýonatan, Şebanýa urugyndan Ýusup,

15. Harym urugyndan Adna, Meraýot urugyndan Helkaý,

16. Ydo urugyndan Zakarýa, Gineton urugyndan Meşullam,

17. Abyýa urugyndan Zikri, Minýamyn urugyndan we Mogadýa urugyndan Piltaý,

18. Bilga urugyndan Şammuwa, Şemagýa urugyndan Ýonatan,

19. Ýoýaryp urugyndan Matenaý, Ýedagýa urugyndan Uzy,

20. Sallaý urugyndan Kallaý, Amok urugyndan Eber,

21. Hilkiýa urugyndan Haşabýa, Ýedagýa urugyndan Netanel.

22. Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy.

23. Lewileriň urugbaşylary taryh ýazgylaryna Elýaşybyň ogly Ýohananyň döwrüne çenli ýazylgydylar.

24. Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.

25. Matanýa, Bakbukýa, Abadýa, Meşullam, Talmon we Akup ybadathana derwezeleriniň ýanyndaky ammarlary goraýan derwezebanlardy.

26. Bu adamlar Ýosadagyň agtygy Ýeşuwanyň ogly Ýoýakymyň hem-de häkim Nehemýanyň, şeýle-de ruhany, mürze Ezranyň döwründe ýaşadylar.

27. Iýerusalim diwary bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we barbatlar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.

28. –29 Aýdymçylar Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerden, netofalylaryň obalaryndan, şeýle hem Beýtgilgaldan, Geba we Azmawet etraplaryndan ýygnandylar. Çünki aýdymçylar Iýerusalimiň töwereginde özlerine obalar gurupdylar.

30. Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.

31. Soňra men Ýahuda baştutanlaryny diwara çykardym. Dabaraly ýöriş edip, şükür edýän iki uly topary belledim. Olaryň biri diwaryň üsti bilen saga, Dökün derwezesine tarap gitdi.

32. Olaryň yzyndan Hoşagýa we Ýahuda baştutanlarynyň ýarysy,

33. Azarýa, Ezra, Meşullam,

34. Ýahuda, Benýamin, Şemagýa we Ýermeýa gitdi.

35. Şeýle hem elleri surnaýly käbir ruhany ogullary: Şemagýanyň agtygy, Ýonatanyň ogly Zakarýa. Onuň ata-babalaryna Asafyň urugyndan Matanýa, Mikaýa we Zakur degişlidir.

36. Onuň garyndaşlary: Şemagýa, Azarel, Milalaý, Gilalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hanany dagy ýörediler. Olaryň ellerinde Hudaýyň adamy Dawudyň saz gurallary bardy. Mürze Ezra hem olaryň öňünden gitdi.

37. Bulak derwezesiniň ýanynda öňlerindäki Dawut şäherine eltýän basgançaklardan diwaryň uçudyna çykdylar. Dawudyň köşgüniň üstünden gündogara tarap ýöräp, Suw derwezesine geldiler.

38. Şükür edýänleriň beýleki topary diwaryň üsti bilen ýöräp, çep tarapa gitdiler. Menem halkyň ýarysy bilen bularyň yzyndadym. Biz Tamdyr diňiniň üsti bilen geçip, Giň diwara çenli ýöredik.

39. Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.

40. Şükür edýänleriň iki topary Hudaýyň öýünde durdy. Men hem ýanymdaky baştutanlaryň ýarysy bilen durdum.

41. Meniň toparymda surnaý çalýan şu ruhanylar bardy: Elýakym, Magaseýa, Minýamyn, Mikaýa, Elýogeýnaý, Zakarýa, Hananýa; aýdymçylar: Magaseýa, Şemagýa, Elgazar, Uzy, Ýehohanan, Malkyýa, Eýlam we Ezer bardy. Aýdymçylaryň ýolbaşçylary Ýizrahýa eşitdirip aýdym aýtdylar.

43. Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.

44. Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.

45. Olar aýdymçylar bilen derwezebanlaryň, Dawudyň we ogly Süleýmanyň tabşyrygyny berjaý edişleri ýaly, öz Hudaýynyň hyzmatyny edip, tämizlik işine seretdiler.

46. Çünki owaldan, Dawudyň we Asafyň günlerinde aýdymçylaryň ýolbaşçysy bardy. Hudaýa alkyş we şükür aýdymlary aýdylýardy.

47. Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.

About Nehemýa Chapter 12

Read Nehemýa Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Nehemýa
Chapter: 12
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nehemýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Nehemýa Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Nehemýa Chapter 12?

Nehemýa Chapter 12 is part of the Book of Nehemýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Nehemýa Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 6
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 4
  5. Zebur Chapter 3
  6. Zebur Chapter 2
  7. Zebur Chapter 11

Explore More from nehemya

  1. Nehemya Chapter 2
  2. Nehemýa Chapter 11
  3. Nehemya Chapter 6
  4. Nehemýa Chapter 6
  5. Nehemýa Chapter 2
  6. Nehemýa Chapter 7
  7. Nehemýa Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 40
  2. 2 patyşalar Chapter 9
  3. 1 Korintoslylara haty Chapter 1
  4. Ýewreýlere haty Chapter 5
  5. Efeslilere haty Chapter 3
  6. Zebur Chapter 76
  7. Ezra Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *