Müsürden çykyş Chapter 13

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 13 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 13

Bap 13

1. Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.

3. Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.

4. Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.

5. Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan baý toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.

6. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.

7. Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn.

8. Sen şol gün ogluňa: „Munuň sebäbi men Müsürden çykanymda, Rebbiň meniň üçin bitiren işi üçindir“ diýip gürrüň ber.

9. Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.

10. Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».

11. «Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlylaryň ýerine getirip, ony size berende,

12. siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbe niýetlemelisiňiz. Mallaryňyzyň hem ähli ilkinji erkek guzlanlary Rebbiňkidir.

13. Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda ilkinji doglan her bir ogluňyzy yzyna satyn alyň.

14. Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.

15. Fyrown doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne ähli ilkinji bolan ogullarymy yzyna satyn alyp bilýärin“.

16. Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».

17. Fyrown halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý: Eger halk ýolda urşa duçar bolaýsa, olar puşman edip, yzyna Müsüre dolanarlar öýtdi.

18. Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňzine gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.

19. Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň diýip, olara ant içiripdi.

20. Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.

21. Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.

22. Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy. ‎

About Müsürden çykyş Chapter 13

Read Müsürden çykyş Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 13?

Müsürden çykyş Chapter 13 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 4
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 26
  6. Zebur Chapter 28
  7. Zebur Chapter 3

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 18
  2. Müsürden çykyş Chapter 25
  3. Müsürden çykyş Chapter 33
  4. Müsürden çykyş Chapter 21
  5. Müsürden çykyş Chapter 40
  6. Müsürden çykyş Chapter 36
  7. Müsürden çykyş Chapter 38

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 82
  2. Filipililere haty Chapter 4
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
  4. Amos Chapter 5
  5. Kanun taglymaty Chapter 20
  6. Zebur Chapter 26
  7. Ýeşuwa Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *