Read Çölde Chapter 30 Online
Read Çölde Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Çölde 30
Bap 30
1. Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi.
2. Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy:
3. „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin.
4. Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse,
5. atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar.
6. Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.
7. Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa,
8. äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar.
9. Emma äri bu zatlary eşidip oňlamasa, onda aýalynyň eden wadasyny ýa-da oýlanman içen kasamyny ret eder we Reb berjaý etmedik kasamy üçin bu aýaly bagyşlar.
10. Emma dul aýalyň ýa-da äri bilen aýrylyşan aýalyň eden wadasy, özüni saklamaga içen kasamy berjaý edilmelidir.
11. Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa,
12. äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar.
13. Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar.
14. Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler.
15. Emma äri aýalynyň eden wadasyny ýa-da içen kasamyny eşidip, şol günüň özünde oňa garşy çykmadyk bolsa, onda aýalynyň eden wadasydyr kasamyny äri oňlan hasap ediler. Çünki äri olara garşy aýalyna hiç zat diýmändi.
16. Ýöne äri olary eşiden badyna hiç zat diýmän, ony biraz wagtdan soň ret etse, onda aýalynyň günäleri äriniň boýnunadyr“».
17. Är-aýalyň we entek atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen atasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda Rebbiň Musa buýran düzgünleri şulardan ybaratdyr.
About Çölde Chapter 30
Read Çölde Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Çölde
Chapter: 30
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Çölde Chapter 30 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Çölde Chapter 30?
Çölde Chapter 30 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Çölde Chapter 30 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from çölde
- Çölde Chapter 4
- Çölde Chapter 3
- Çölde Chapter 26
- Çölde Chapter 12
- Çölde Chapter 23
- Çölde Chapter 19
- Çölde Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 99
- Işaýa Chapter 52
- Ezekiýel Chapter 5
- Nehemýa Chapter 11
- Gelip çykyş Chapter 42
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
- 2 Şamuwel Chapter 6