Danyýel Chapter 6

For English

Read Danyýel Chapter 6 Online

Read Danyýel Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Danyýel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Danyýel 6

Bap 6

1. Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.

2. Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi.

3. Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.

4. Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.

5. Ol adamlar: «Danyýele garşy onuň Hudaýynyň kanuny bilen baglanyşykly bir zatlar tapaýmasak, ondan başga aýyp tapyp bilmeris» diýişdiler.

6. Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!

7. Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.

8. Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol goý» diýdiler.

9. Şeýdip, Darýuş patyşa bu permana we karara gol çekdi.

10. Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.

11. Şonda dil düwşen adamlar gelip, Danyýeliň öz Hudaýyna dileg edip ýalbaryp oturanyny gördüler.

12. Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiňiz näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi.

13. Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.

14. Bu sözleri eşidip, patyşa agyr ünjä batdy. Ol Danyýeli halas etmegi ýüregine düwdi. Hatda Gün batýança, ony halas etmäge çalyşdy.

15. Şol wagt adamlar üýşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Eý, şahym, bilip goýgun, madaý we pars kanunyna görä, patyşanyň tassyk eden karary we permany üýtgedilmeli däldir» diýdiler.

16. Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.

17. Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi.

18. Onsoň patyşa köşgüne gitdi. Oňa göwnüni göterer ýaly hiç zat getirilmedi we ol gijesini agyz bekläp geçirdi. Onuň gözüne uky gelmedi.

19. Säher bilen daň atan badyna patyşa turup, ýolbarsly çukura tarap howlukdy.

20. Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy.

21. Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!

22. Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».

23. Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan çykarmaklygy buýurdy. Şeýdip, Danyýel çukurdan çykaryldy, onda hiç hili ýara yzy ýokdy, çünki ol öz Hudaýyna bil baglapdy.

24. Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.

25. Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!

26. Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, baky dowam etjekdir. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.

27. Ol halas edýär we boşadýar. Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär. Danyýeli ýolbarsyň penjesinden halas eden hut Oldur».

28. Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.

About Danyýel Chapter 6

Read Danyýel Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Danyýel
Chapter: 6
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Danyýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Danyýel Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Danyýel Chapter 6?

Danyýel Chapter 6 is part of the Book of Danyýel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Danyýel Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from danyýel

  1. Danyýel Chapter 3
  2. Danyýel Chapter 12
  3. Danyýel Chapter 4
  4. Danyýel Chapter 10
  5. Danyýel Chapter 2
  6. Danyýel Chapter 9
  7. Danyýel Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  2. Amos Chapter 2
  3. Gelip çykyş Chapter 1
  4. Işaýa Chapter 53
  5. 2 patyşalar Chapter 25
  6. Çölde Chapter 21
  7. Zebur Chapter 81

Related Chapters & Readings

  1. Rut Chapter 1
  2. Petrusyň ikinji haty Chapter 3
  3. Mika Chapter 4
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 18
  5. Eýýup Chapter 24
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 17
  7. 1 Şamuwel Chapter 29
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *