Read 1 Şamuwel Chapter 24 Online
Read 1 Şamuwel Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Şamuwel 24
Bap 24
1. Dawut ol ýerden gidip, Engedi topragyndaky gowaklarda mesgen tutdy.
2. Şawul piliştlileri kowmakdan gaýdyp gelende, «Dawut Engedi çölünde» diýip, oňa habar berdiler.
3. Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýa tarap ýola düşdi.
4. Ol ýoluň ýakasyndaky dowar agyllaryna geldi. Şol ýerde bir gowak bardy. Şawul aýak ýoly üçin şol gowagyň içine girdi. Şol wagt Dawut adamlary bilen bile gowagyň töründe otyrdy.
5. Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi.
6. Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.
7. Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip saýlandyr».
8. Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.
9. Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
10. Soňra ol Şawula: «„Dawut saňa ýamanlyk etmek isleýär“ diýýänleriň sözüne näme üçin ynanýarsyň?
11. Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip saýlanydyr“ diýdim.
12. Eý atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym.
13. Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.
15. Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?
16. Goý, bize Reb kazylyk etsin we höküm çykarsyn. Goý, muňa Onuň Özi seretsin, meni gorasyn we meni seniň eliňden halas etsin».
17. Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.
18. Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.
19. Şu gün sen özüňiň maňa garaýşyňyň gowudygyny görkezdiň. Reb meni seniň eliňe berse-de, sen meni öldürmänsiň.
20. Heý, duşmanyny ele salan adamam bir ony aman goýarmy?! Seniň maňa şu günki edeniňi Reb ýagşylyk bilen gaýtarar.
21. Seniň hökman patyşa bolmalydygyňy, Ysraýyl patyşalygynyň seniň eliňde berkarar boljakdygyny men häzir bildim.
22. Men ölenimden soň nesillerimi ýok etmejekdigiňe, adymy atamyň neslinden aýyrmajakdygyňa Rebden ant iç».
23. Şawulyň diýşi ýaly, Dawut onuň öňünde ant içdi. Şondan soň Şawul öýüne gitdi, Dawut bolsa adamlary bilen bile gowaga tarap gaýtdy.
About 1 Şamuwel Chapter 24
Read 1 Şamuwel Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Şamuwel
Chapter: 24
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Şamuwel Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Şamuwel Chapter 24?
1 Şamuwel Chapter 24 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-şamuwel
- 1 Şamuwel Chapter 16
- 1 Şamuwel Chapter 13
- 1 Şamuwel Chapter 19
- 1 Şamuwel Chapter 22
- 1 Şamuwel Chapter 1
- 1 Şamuwel Chapter 28
- 1 Şamuwel Chapter 26
Explore More from Köne Äht
- Eýýup Chapter 19
- 1 Şamuwel Chapter 29
- Nehemýa Chapter 9
- Ezekiýel Chapter 2
- Ysraýyl serdarlary Chapter 2
- Eýýup Chapter 27
- Kanun taglymaty Chapter 16