Read Ezekiýel Chapter 12 Online
Read Ezekiýel Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezekiýel 12
Bap 12
1. Maňa Rebbiň sözi geldi:
2. «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.
3. Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.
4. Gündiz olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýäniň goşy kimin goşuňy çykar we sürgün edilýän kişi kimin olaryň gözleriniň alnynda agşam ýola düş.
5. Olaryň gözleriniň alnynda diwary oý-da, goşuňy ondan çykar.
6. Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim».
7. Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.
8. Säher bilen maňa Rebbiň sözi geldi:
9. «Eý, ynsan ogly! Bu pitneçi ysraýyl halky senden: „Sen näme edýärsiň?“ diýip sorady, şeýle dälmi?».
10. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Bu Iýerusalimdäki hökümdara we onuň içindäki ähli ysraýyl halkyna degişli pygamberlikdir.
11. Olara: „Men size bir nyşandyryn, men näme eden bolsam, olar-da şeýle ederler, olar ýesir düşüp, sürgüne giderler“ diý.
12. Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär.
13. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.
14. Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn.
15. Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.
16. Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
17. Maňa Rebbiň sözi geldi:
18. «Eý, ynsan ogly! Çöregiňi sandyrap iý, suwuňy gorkudan ýaňa titräp iç.
19. Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar.
20. Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».
21. Maňa Rebbiň sözi geldi:
22. «Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?
23. Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.
24. Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz.
25. Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
26. Maňa Rebbiň sözi geldi:
27. «Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.
28. Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
About Ezekiýel Chapter 12
Read Ezekiýel Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezekiýel
Chapter: 12
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezekiýel Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezekiýel Chapter 12?
Ezekiýel Chapter 12 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezekiýel
- Ezekiýel Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 46
- Ezekiýel Chapter 45
- Ezekiýel Chapter 34
- Ezekiýel Chapter 32
- Ezekiýel Chapter 11
- Ezekiýel Chapter 4
Explore More from Köne Äht
- 1 Şamuwel Chapter 23
- 1 Şamuwel Chapter 3
- Zebur Chapter 130
- Lewiler kitaby Chapter 23
- Zebur Chapter 129
- Işaýa Chapter 51
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 21