Read Ysraýyl serdarlary Chapter 17 Online
Read Ysraýyl serdarlary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ysraýyl serdarlary 17
Bap 17
1. Efraýym daglygynda Mika diýen bir adam bardy.
2. Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.
3. Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.
4. Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.
5. Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.
6. Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Her kim öz islänini edýärdi.
7. Ýahudanyň Beýtullaham galasynda ýaşaýan bir lewileriň ýigidi bardy.
8. Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi.
9. Mika ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýärin, özüm hem lewilerdendirin; ýaşar ýaly ýer gözleýärin» diýdi.
10. Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi.
11. Lewi ýigit Mikanyň öýünde galmaklyga razylyk berdi. Mika oňa öz ogly ýaly seretdi.
12. Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi.
13. Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.
About Ysraýyl serdarlary Chapter 17
Read Ysraýyl serdarlary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 17
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ysraýyl serdarlary Chapter 17?
Ysraýyl serdarlary Chapter 17 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from ysraýyl-serdarlary
- Ysraýyl serdarlary Chapter 21
- Ysraýyl serdarlary Chapter 15
- Ysraýyl serdarlary Chapter 1
- Ysraýyl serdarlary Chapter 18
- Ysraýyl serdarlary Chapter 11
- Ysraýyl serdarlary Chapter 16
- Ysraýyl serdarlary Chapter 4