Kanun taglymaty Chapter 33

For English

Read Kanun taglymaty Chapter 33 Online

Read Kanun taglymaty Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Kanun taglymaty 33

Bap 33

1. Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.

2. Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, Halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, Sag elinde lowlaýan ot bardy.

3. Ýa Reb, Sen çyndan halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.

4. Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde Musa bize Kanun berdi.

5. Ysraýyl tireleri birleşende, Halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.

6. Ruben halky az adamly bolsa-da, Goý, ýaşasyn, ölmesin!»

7. Musa Ýahuda hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Ýahudanyň perýadyny eşit, Ony öz halkyna getir, Onuň ellerine kuwwat ber, Duşmanyna garşy oňa ýardamçy bol!»

8. Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Massada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.

9. Ol: „Ata-enem bar diýip, Olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, Çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.

10. Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, Gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.

11. Ýa Reb, olara kuwwat ber, Elleriniň işini kabul et, Kim olara hüjüm edip ýigrense, Bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»

12. Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Alla bütin gün onuň üstüne ganat gerer, Ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».

13. Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin. Gökden ýagýan peşgeşler bilen, Ýer astyndaky çuň suwlar bilen,

14. Günde ýetişen saýlama hasyly bilen, Her pasylyň iň ajap miwesi bilen,

15. Gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen, Müdimi depeleriň bolçulygy bilen,

16. Ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, Ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan Saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.

17. Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, Ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, Beýlekisi Manaşeniň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, Ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».

18. Zebulun hakda şeýle diýdi: «Eý Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol, Sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!

19. Halklary daga çagyrarlar, Ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler. Deňizleriň baýlygyny, Gumda gömlen hazynany iýerler».

20. Gat hakda şeýle diýdi: «Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun! Gat şir kimin ýaşaýar, Goly we başy goparyp taşlaýar.

21. Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady. Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda Serdaryň paýy oňa berlendir. Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny, Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».

22. Dan hakda şeýle diýdi: «Dan Başandan çykan, Şiriň çagasydyr».

23. Naftaly hakda şeýle diýdi: «Eý sen, Rebbiň merhemeti bilen, Onuň bereketi bilen dolan Naftaly, Günbatary we günortany mülk edinersiň».

24. Aşer hakda şeýle diýdi: «Ogullaryň iň bereketlisi Aşer bolsun! Doganlaryň iň eý görülýäni ol bolsun! Aýagyny zeýtun ýagyna batyrsyn!

25. Kiltleri demirden we bürünçden bolsun! Ömri näçe uzak bolsa, şonça-da howpsuz ýaşasyn!»

26. «Eý Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, Bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, Seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.

27. Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, Garşyňdan duşmanlaryňy kowar, Olary saňa ýok etmegi buýrar.

28. Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, Däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.

29. Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, Sen olaryň arkasyndan basarsyň». ‎

About Kanun taglymaty Chapter 33

Read Kanun taglymaty Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Kanun taglymaty
Chapter: 33
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Kanun taglymaty Chapter 33 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Kanun taglymaty Chapter 33?

Kanun taglymaty Chapter 33 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 33 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Kanun Taglymaty

  1. Kanun taglymaty Chapter 3
  2. Kanun taglymaty Chapter 2
  3. Kanun taglymaty Chapter 26
  4. Kanun taglymaty Chapter 28
  5. Kanun taglymaty Chapter 1
  6. Kanun taglymaty Chapter 23
  7. Kanun taglymaty Chapter 17

Explore More from Köne Äht

  1. Müsürden çykyş Chapter 1
  2. Zebur Chapter 90
  3. Eýýup Chapter 21
  4. Ýermeýa Chapter 24
  5. Çölde Chapter 13
  6. Çölde Chapter 24
  7. Işaýa Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 22
  2. Danyýel Chapter 4
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
  4. Resullaryň Işleri Chapter 26
  5. Zebur Chapter 11
  6. Çölde Chapter 30
  7. Müsürden çykyş Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *