Read Eýýup Chapter 28 Online
Read Eýýup Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 28
Bap 28
1. «Elbetde kümşüň käni, Altynyň eredilýän göweji bardyr.
2. Demir ýerden alynýar, Mis daşdan eredilýär.
3. Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, Zulmatda mis agtaryp, Tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
4. Ynsan aýagy degmedik ýerlerde, Ýüplerden aşak sallanyp, Ilatsyz ýerde magdan gazýar.
5. Ýerden çörek önýär, Asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
6. Daşlary gök ýakudyň mekany, Topragynda altyn bar.
7. Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir, Oňa algyryň gözi düşmedik asla.
8. Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler, Arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
9. Magdançylar gaýalary agtaryp, Daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
10. Gaýalaryň içinden tunnel geçirýärler, Gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
11. Çeşmeleriň akymyny togtadyp, Gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
12. Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
13. Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan, Tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
14. Çuňluk: „Ol mende ýokdur“ diýýär, Deňiz: „Ol mende däl“ diýýär.
15. Ne sap altyna, ne-de kümşe, Çalşyp bolýar ony.
16. Opyr altyny, gymmatbaha hakyk, Gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
17. Ne altyn, ne-de durun oňa taý geler, Ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
18. Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn, Paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
19. Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez, Hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
20. Onda paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
21. Ähli janly-jandardan gizlenýändir Ol, Gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
22. Heläkçilik Ýeri we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
23. Paýhasa ýoly Hudaý bilýär, Onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
24. Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar, Gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
25. Ýeliň agramyny kesgitläp, Suwlary ölçege görä paýlanda,
26. Ýagyş ýagdyryp, Gök gübürdisine ýol açan wagty,
27. Ol paýhasy görüp, yglan etdi, Ony tassyklady, soňam synady.
28. Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».
About Eýýup Chapter 28
Read Eýýup Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 28
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 28 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 28?
Eýýup Chapter 28 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 28 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 23
- Ýermeýa Chapter 34
- Ýeşuwa Chapter 7
- Gelip çykyş Chapter 25
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
- 2 Şamuwel Chapter 9
- Ezekiýel Chapter 5