1 Şamuwel Chapter 21

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 21 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 21

Bap 21

1. Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.

2. Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.

3. Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi.

4. Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe mukaddes çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi.

5. Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!»

6. Gyzgyn çörekler bilen çalşyrylmak üçin, Rebbiň huzuryndan aýrylan çöreklerden başga çörek ýokdy. Şonuň üçin ruhany Dawuda şol aýrylan mukaddes çörekleri berdi.

7. Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.

8. Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.

9. Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efotyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.

10. Dawut Şawuldan gaçyp, şol gün Gatyň hany Akyşyň ýanyna gitdi.

11. Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler.

12. Bu sözler Dawudy uly iňkise goýdy we ol Gat hany Akyşdan juda gorkdy.

13. Şeýlelikde, Dawut olaryň ýanynda özüni alypbarşyny üýtgetdi. Olaryň ýanynda ol özüni dälilige saldy, derwezäniň gapylaryny dyrnaçaklap, olaryň ýüzüni persala etdi; sakgalyna erniniň suwuny akdyran boldy.

14. Akyş han adamlaryna: «Oňa bir seretseňizläň, ol däli ahyryn. Näme üçin ony meniň ýanyma getirdiňiz?

15. Näme özümde däli kemterlik edýändir öýdýäňizmi? Ýa onuň däliligine tomaşa etsin diýip getirdiňizmi? Heý, şeýle adamam bir meniň howlyma girmelimi?» diýdi.

About 1 Şamuwel Chapter 21

Read 1 Şamuwel Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 21
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 21?

1 Şamuwel Chapter 21 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 24
  5. 1 Şamuwel Chapter 22
  6. 1 Şamuwel Chapter 1
  7. 1 Şamuwel Chapter 28

Explore More from Köne Äht

  1. 1 patyşalar Chapter 9
  2. Işaýa Chapter 52
  3. Lewiler kitaby Chapter 12
  4. Gelip çykyş Chapter 24
  5. Ýermeýa Chapter 30
  6. Işaýa Chapter 32
  7. Ezekiýel Chapter 46

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 43
  2. Gelip çykyş Chapter 11
  3. Koloselilere haty Chapter 4
  4. Ýermeýa Chapter 37
  5. Eýýup Chapter 30
  6. 1 patyşalar Chapter 22
  7. Wagyz kitaby Chapter 11
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *