2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 13

Bap 13

1. Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýa Ýahuda patyşa boldy.

2. Abyýa Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Mikaýady; ol gibgaly Uryýeliň gyzydy. Abyýa bilen Ýarobgamyň arasynda uruş gidýärdi.

3. Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy.

4. Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Zemaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň!

5. Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi.

6. Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň nökeri, Nebadyň ogly Ýarobgam gidip, öz hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy.

7. Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.

8. Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.

9. Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.

10. Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar.

11. Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda huzur çöregini goýýarlar, her gije altyn şemdanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz.

12. Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».

13. Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady.

14. Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar.

15. Onsoň ýahuda halky gygyryşdy. Ýahudalar gygyryşanlarynda, Hudaý Abyýanyň we Ýahudanyň öňünde Ýarobgamy we bütin ysraýyl halkyny ýeňlişe sezewar etdi.

16. Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary Ýahudanyň eline berdi.

17. Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi.

18. Şeýdip, şonda ysraýyllar basylyp, ýahudalar atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler.

19. Abyýa Ýarobgamyň yzyndan kowup, onuň Beýtel, Ýeşanan we Epron diýen şäherlerini obalary bilen bile basyp aldy.

20. Ýarobgam Abyýanyň döwründe güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi. Reb Ýarobgamy jezalandyrdy, şonda ol öldi.

21. Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy.

22. Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Wagyz kitaby Chapter 5
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 23
  3. Nagmalar nagmasy Chapter 4
  4. 1 Şamuwel Chapter 18
  5. Işaýa Chapter 36
  6. Zakarýa Chapter 2
  7. Zebur Chapter 97

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  2. Ezekiýel Chapter 2
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
  4. Zebur Chapter 91
  5. Kanun taglymaty Chapter 25
  6. Lewiler kitaby Chapter 22
  7. Lewiler kitaby Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *