Zebur Chapter 55

For English

Read Zebur Chapter 55 Online

Read Zebur Chapter 55 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 55

Bap 55

1. Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama, ret etme ýalbaryşymy.

2. Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulmundan ýaňa, meniň başym çaşdy.

3. Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynda ajysyny pürkýärler.

4. Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.

5. Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.

6. Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.

7. Hakyky, uzaklara – çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela

8. Güýçli ýelden, gaý-harasatdan gaçalgama tarap men howlugardym».

9. Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny, çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.

10. Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar, onuň içinde horluk, ezýet bar.

11. Onuň ortasynda weýrançylyk bar, zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.

12. Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim.

13. Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym.

14. Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.

15. Goý, ölüm olaryň başyna insin, olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn, çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.

16. Men bolsa çagyraryn Hudaýy, halas eder Reb meni.

17. Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi.

18. Maňa garşy bolan uruşda Ol halas eder meniň janymy, çünki köpler çykdy meniň garşyma.

19. Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider hem-de olara gaýtawul berer. Çünki olarda özgerişlik ýok, Hudaýdan olar gorkanok.

20. Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy hem-de eden ähtini bozdy.

21. Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar.

22. Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.

23. Emma Sen, eý, Hudaý, ölüm çukuryna inderersiň olary; ganhorlar we hilegärler ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz; men bolsa bil baglaryn Saňa.

About Zebur Chapter 55

Read Zebur Chapter 55 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 55
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 55 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 55?

Zebur Chapter 55 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 55 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 74
  7. Zebur Chapter 9

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 133
  2. Zebur Chapter 83
  3. Zebur Chapter 140
  4. Zebur Chapter 145
  5. Zebur Chapter 16
  6. Zebur Chapter 103
  7. Zebur Chapter 90

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 7
  2. Işaýa Chapter 64
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 4
  4. Işaýa Chapter 51
  5. Zebur Chapter 122
  6. Ýeşuwa Chapter 9
  7. Zebur Chapter 145
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *