Ýowel Chapter 1

For English

Read Ýowel Chapter 1 Online

Read Ýowel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýowel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýowel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýowel 1

Bap 1

1. Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi geldi: Leşgeriň hüjüm etmegi

2. Eý ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde, ýa atalar döwründe heý-de bolupmydy şular ýaly zat?

3. Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.

4. Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.

5. Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.

6. Sebäbi meniň topragyma ummasyz hem-de güýçli çozdy bir leşger; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.

7. Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir baglarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady, üzüm şahalary-da agaryp galdy.

8. Söýgüli adaglysyny ýitirip, jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!

9. Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.

10. Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.

11. Arpa-bugdaý üçin gamlanyň siz, daýhanlar, üzüm bagbanlary, ses edip aglaň, çünki weýran boldy meýdan gallasy.

12. Gurap galdy üzüm agajy, Solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.

13. Ruhanylar, jul guşanyp, tutuň siz ýasy. Perýat ediň, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.

14. Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de dady-perýat ediň siz Rebbe.

15. Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.

16. Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?

17. Tohumlar çüýredi kesek astynda, ammarlar hem gugaryp galdy. Galla ammarlary çagşap dagady. Çünki galla ekinleri hasyl bermedi.

18. Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.

19. Ýa Reb, Saňa dady-perýat edýärin, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.

20. Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary, çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.

About Ýowel Chapter 1

Read Ýowel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýowel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýowel
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýowel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýowel Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýowel Chapter 1?

Ýowel Chapter 1 is part of the Book of Ýowel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýowel Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 74
  7. Zebur Chapter 9

Explore More from ýowel

  1. Ýowel Chapter 3
  2. Ýowel Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. 1 Timoteosa haty Chapter 1
  2. Zebur Chapter 54
  3. Ester Chapter 6
  4. 1 patyşalar Chapter 18
  5. Ýewreýlere haty Chapter 7
  6. Efeslilere haty Chapter 2
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *