Sepanýa Chapter 3

For English

Read Sepanýa Chapter 3 Online

Read Sepanýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Sepanýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Sepanýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Sepanýa 3

Bap 3

1. Gozgalaňçy, haram, Zalym şäheriň dat gününe!

2. Ol söze gulak asmady, Öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.

3. Içindäki hökümdarlary Arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Häkimleri daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan Aç möjekler kimindirler.

4. Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; Ruhanylary mukaddes zady harama çykardylar, Kanuny harladylar.

5. Onuň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen Adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, Utanmany bilmeýär.

6. Reb şeýle diýýär: «Gyrdym Men halklary, Diňlerini weýran etdim, Köçelerini harap etdim, Ondan ötüp-geçýän ýokdur. Şäherleri harabalyga öwrüldi, Ýekeje ynsan-da galmady».

7. Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, Öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, Jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, Ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.

8. Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, Halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň, Çünki Meniň kararym milletleri toplap, Patyşalyklary bir ýere jemläp, Gaharymy, lowlaýan gazabymy Başlaryndan indermekdir, Gabanjaň gazabymyň ody Bütin dünýäni ýakyp kül eder.

9. Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, Agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, Milletlere päk dil bererin.

10. Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.

11. Garşyma eden ähli pis işleri üçin Şol gün halkym utandyrylmaz, Çünki Men özüne buýsanyp, Men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn, Siz mukaddes dagymda Mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.

12. Iýerusalimde pes päl, Pukara adamlary aman galdyraryn, Olar Maňa bil baglarlar.

13. Ysraýylyň aman galanlary, Nähaklyk etmezler, Ýalan sözlemezler, Agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, Olary hiç kim gorkuzyp bilmez».

14. Heşelle kak, eý, Siýon gyzy, Batly ses bilen gygyr, eý, Ysraýyl! Bütin kalbyňyz bilen joşup şatlanyň, Eý, Iýerusalim gyzy!

15. Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, Duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, Mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.

16. Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Siýon, Elleriň gowşamasyn!

17. Hudaýyňyz Reb, Ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda, Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, Nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».

18. Reb diýýär: «Baýramçylyk deregine hasrat çekdiňiz, Bu siziň üçin agyr we utançlydyr, Men indi olaryň soňuna nokat goýaryn.

19. Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, Dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, Olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.

20. Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, Çünki Men gözüňiziň alnynda Öňki abadançylygyňyzy dikeldip, Dünýäniň bütin halklarynyň arasynda Size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».

About Sepanýa Chapter 3

Read Sepanýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Sepanýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Sepanýa
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Sepanýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Sepanýa Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Sepanýa Chapter 3?

Sepanýa Chapter 3 is part of the Book of Sepanýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Sepanýa Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 50

Explore More from Sepanýa

  1. Sepanýa Chapter 2
  2. Sepanýa Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 6
  3. 2 patyşalar Chapter 10
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
  5. Wagyz kitaby Chapter 6
  6. Çölde Chapter 1
  7. Hoşeýa Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *