Read Zebur Chapter 77 Online
Read Zebur Chapter 77 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 77
Bap 77
1. Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.
2. Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.
3. Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
4. Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
5. Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
6. Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
7. Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?
8. Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
9. Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
10. Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
11. Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
12. Ähli işleriň barada pikir ederin, Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
13. Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
14. Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
15. Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy: Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
16. Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler, Seni görenlerinde heder etdiler, düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
17. Bulutlar suwlar dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
18. Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy, ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy, ýer titräp, lerzana geldi.
19. Seniň ýoluň deňiz içredi, Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi, emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
20. Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.
About Zebur Chapter 77
Read Zebur Chapter 77 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 77
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 77 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 77?
Zebur Chapter 77 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 77 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 24
- Zebur Chapter 20
- Zebur Chapter 4
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 35
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 34
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 40
- Zebur Chapter 28
- Zebur Chapter 80