Zebur Chapter 73

For English

Read Zebur Chapter 73 Online

Read Zebur Chapter 73 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 73

Bap 73

1. Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla – ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.

2. Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.

3. Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygny gördüm.

4. Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.

5. Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar.

6. Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.

7. Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.

8. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.

9. Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.

10. Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.

11. Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»

12. Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar.

13. Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn.

14. Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.

15. «Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.

16. Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm,

17. bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.

18. Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.

19. Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!

20. Düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, ýa Taňry, peýda bolan wagtyňda, Sen puja çykararsyň hyýallaryny.

21. Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda, ýüregim sanjym-sanjym bolanda,

22. nadan bolup, düşünmändirin, haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.

23. Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin, meni golumdan Sen tutýandyrsyň.

24. Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.

25. Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.

26. Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.

27. Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.

28. Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr. Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim; men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.

About Zebur Chapter 73

Read Zebur Chapter 73 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 73
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 73 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 73?

Zebur Chapter 73 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 73 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 50
  7. Zebur Chapter 6

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 93
  2. Zebur Chapter 17
  3. Zebur Chapter 130
  4. Zebur Chapter 83
  5. Zebur Chapter 140
  6. Zebur Chapter 5
  7. Zebur Chapter 50

Related Chapters & Readings

  1. Kanun taglymaty Chapter 19
  2. Ýahýanyň birinji haty Chapter 5
  3. Resullaryň Işleri Chapter 4
  4. Işaýa Chapter 41
  5. Ester Chapter 6
  6. Mika Chapter 2
  7. Işaýa Chapter 45
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *