Süleýmanyň pähimleri Chapter 30

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 30

Bap 30

1. Massaly Ýakeniň ogly Aguryň wajyp sözleri: Şol adam Itiýele sargaýar, Itiýele we Ukala şeýle diýýär:

2. Men adam bolardan samsyk, ynsan düşünjesi mende ýok.

3. Ne danalygy öwrendim, ne Mukaddesi bildim.

4. Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?

5. Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.

6. Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.

7. Men Senden iki zat diledim, ölmänkäm olary menden gaýgyrma:

8. Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.

10. Hyzmatkäri hojaýynyna ýamanlama, ýogsa saňa gargyş eder, sen ýazykly çykarsyň.

11. Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.

12. Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.

13. Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.

14. Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.

15. Sülügiň iki gyzy bar: «Ber! Ber!» diýip gygyrýar. Üç zat bardyr, hiç doýmaz, has takygy dört zat «Besdir» diýmez:

16. Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy, suwdan ganmaýan toprak, «Besdir» diýmeýän ot.

17. Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.

18. Meni haýran galdyrýan üç zat bar, dogrusy dört zada akylym ýetmeýär:

19. Gökde bürgüdiň ýoly, gaýada ýylanyň ýoly, deňizde gäminiň ýoly, ýigidiň ulugyza bolan ýoly.

20. Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir: Ol iýýändir, agzyny süpürip: «Ýaman iş edemok» diýýändir.

21. Üç zatdan ýer sarsýandyr, ýagny dört zady göterip bilmeýär:

22. Gul patyşa bolanda, akmak iýmitden doýanda,

23. Halanmaýan garry gyz äre çykanda, gyrnak bikesiniň ornuny eýeläninde.

24. Dünýäde dört maýda zat bar. Ýöne olar gaty akyllydyrlar:

25. Garynjalar güýçli jandar däldirler, azygyny welin tomusda taýýarlaýandyrlar.

26. Gaýa torsuklary kuwwatsyz jandardyr, ýöne hinini gaýada gurýandyr.

27. Çekirtgeleriň patyşasy ýokdur, ýöne ählisi sap-sap bolup çykýandyr.

28. Kelpezäni el bilen tutup bolýandyr, ýöne patyşalaryň köşgünde bolýandyr.

29. Gadamy owadan üç zat, dogrusy ýörişi owadan dört zat bardyr:

30. Haýwanlaryň iň batyry, hiç birinden gaçmaýan arslan.

31. Magtanyp ýöreýän horaz we teke, goşuny ýanynda bolan patyşa.

32. Eger sen akmak bolup özüňi öwseň ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň, onda eliňi agzyňa tut.

33. Çünki süýdi gysmakdan ýag, burnuňy gysmakdan gan, gazaby gysmakdan dawa çykýandyr. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 30

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 30
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 30?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 30 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from suleymanin-pahemleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 19
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 31
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 24
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 21
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 12

Related Chapters & Readings

  1. Nagmalar nagmasy Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 13
  4. Ýermeýa Chapter 40
  5. Ýermeýa Chapter 50
  6. Lewiler kitaby Chapter 26
  7. Ýowel Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *