Zebur Chapter 17

For English

Read Zebur Chapter 17 Online

Read Zebur Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 17

Bap 17

1. Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.

2. Ýa Reb, sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.

3. Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.

4. Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.

5. Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy; meniň aýaklarym taýmady.

6. Men çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, eý, Hudaý; gulak goý-da, eşit meniň sözümi.

7. Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp wepaly söýgiňi görkez.

8. Gora meni gözüň göreji ýaly;

9. maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.

10. Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.

11. Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursaty.

12. Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek, buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly.

13. Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary; gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et, ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et. Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy.

14. Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny; çagalaryndan hoşal olaryň göwni; balalaryna galdyrar özlerinden artany.

15. Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.

About Zebur Chapter 17

Read Zebur Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 17
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 17?

Zebur Chapter 17 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 71
  2. Zebur Chapter 100
  3. Zebur Chapter 120
  4. Zebur Chapter 90
  5. Zebur Chapter 98
  6. Zebur Chapter 9
  7. Zebur Chapter 138

Related Chapters & Readings

  1. Rut Chapter 4
  2. Gelip çykyş Chapter 44
  3. Çölde Chapter 28
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
  5. Ýowel Chapter 1
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 8
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *