Zebur Chapter 139

For English

Read Zebur Chapter 139 Online

Read Zebur Chapter 139 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 139

Bap 139

1. Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!

2. Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.

3. Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.

4. Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.

5. Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň, Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.

6. Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.

7. Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!

8. Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!

9. Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,

10. hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär.

11. Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».

12. Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.

13. Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.

14. Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym.

15. Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim.

16. Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.

17. Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz! Olaryň san-sajagy ýok!

18. Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp, olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.

19. Eý, Hudaý, ýok etsediň Sen erbet adamlary! Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!

20. Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär, duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.

21. Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin, Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.

22. Olary bütinleý men ýigrenýärin, men olary öz duşmanym saýýaryn.

23. Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil! meni syna-da, pikirlerimi bil!

24. Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn, ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.

About Zebur Chapter 139

Read Zebur Chapter 139 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 139
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 139 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 139?

Zebur Chapter 139 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 139 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 4
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 26
  6. Zebur Chapter 3
  7. Zebur Chapter 28

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 20
  2. Zebur Chapter 101
  3. Zebur Chapter 34
  4. Zebur Chapter 79
  5. Zebur Chapter 75
  6. Zebur Chapter 129
  7. Zebur Chapter 59

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 34
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
  3. 2 Şamuwel Chapter 12
  4. Zakarýa Chapter 12
  5. Zakarýa Chapter 9
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 4
  7. Zebur Chapter 64
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *