Read Zebur Chapter 37 Online
Read Zebur Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 37
Bap 37
1. Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
2. Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. ב
3. Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4. Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. ג
5. Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
6. Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. ד
7. Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. ה
8. Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.
9. Çünki kesilip taşlanar erbetlik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar. ו
10. Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11. Päli pes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler. ז
12. Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13. Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygny görýär. ח
14. Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15. Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar. ט
16. Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17. Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär. י
18. Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.
19. Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe. כ
20. Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar. ל
21. Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22. Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolarlar. מ
23. Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24. Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. נ
25. Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.
26. Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkynyş geler. ס
27. Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň. ע
28. Çünki Reb adalaty söýýändir, sadyk ynsany Ol terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29. Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar. פ
30. Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31. Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy. צ
32. Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.
33. Ýöne Reb dogry ynsany erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz. ק
34. Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň. ר
35. Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36. Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. שׁ
37. Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38. Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar. ת
39. Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40. Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.
About Zebur Chapter 37
Read Zebur Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 37
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 37 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 37?
Zebur Chapter 37 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 37 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 74
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 120
- Zebur Chapter 26
- Zebur Chapter 133
- Zebur Chapter 10
- Zebur Chapter 70
- Zebur Chapter 5
- Zebur Chapter 55