Read Zebur Chapter 44 Online
Read Zebur Chapter 44 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 44
Bap 44
1. Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.
2. Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
3. Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
4. Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
5. Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen, garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
6. Men öz ýaýyma bil baglamaýan, meni halas etmeýär meniň gylyjym.
7. Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan, Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
8. Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela
9. Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
10. Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen, bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
11. Bizi goýun kimin iýmäge berdiň, Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
12. Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
13. Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
14. Milletleriň diline düşürdiň bizi, halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
15. Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa, duşmandan we öç alýandan ýaňa, uzakly gün ryswalygym garşymda, meniň ýüzümi utanç büredi.
17. Başymyza indi bularyň bary, ýöne unudan däldiris Seni, hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
18. Biziň ýüregimiz Senden dänmedi, ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady. Sen bolsa bizi şagallar mekanynda kül-peýekun etdiň, ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
20. Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak, bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
21. Hudaýa aýan bolmazmydy bu? Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
22. Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
23. Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama.
24. Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
25. Biz gara ýere ýazylyp gitdik, indi toprakdan galyp bilemzok.
26. Galk-da, bize kömek et, wepaly söýgiň hatyrasyna bizi halas et.
About Zebur Chapter 44
Read Zebur Chapter 44 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 44
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 44 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 44?
Zebur Chapter 44 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 44 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 26
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 60
- Zebur Chapter 122
- Zebur Chapter 40
- Zebur Chapter 36
- Zebur Chapter 143
- Zebur Chapter 90
- Zebur Chapter 114