Zebur Chapter 31

For English

Read Zebur Chapter 31 Online

Read Zebur Chapter 31 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 31

Bap 31

1. Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.

2. Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.

3. Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.

4. Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.

5. Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.

6. Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili.

7. Begenip şatlanaryn wepaly söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň;

8. tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.

9. Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady.

10. Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.

11. Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.

12. Merhum dek unudyldym men; bir döwlen küýzä öwrülendirin.

13. Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýän, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar.

14. Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýan; Men diýýän: «Sensiň meniň Hudaýym».

15. Ömrümiň günleri Seniň eliňde; halas et meni ýagylarymyň hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.

16. Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne; wepaly söýgiň bilen meni halas et.

17. Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.

18. Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.

19. Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy.

20. Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.

21. Rebbe alkyş bolsun! Çünki Ol daşy gabalan şäherde maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.

22. Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.

23. Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.

24. Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!

About Zebur Chapter 31

Read Zebur Chapter 31 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 31
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 31 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 31?

Zebur Chapter 31 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 31 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 4
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 26
  6. Zebur Chapter 3
  7. Zebur Chapter 28

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 56
  2. Zebur Chapter 27
  3. Zebur Chapter 112
  4. Zebur Chapter 122
  5. Zebur Chapter 144
  6. Zebur Chapter 51
  7. Zebur Chapter 85

Related Chapters & Readings

  1. Nehemýa Chapter 12
  2. Işaýa Chapter 43
  3. Wagyz kitaby Chapter 3
  4. Zebur Chapter 24
  5. Wagyz kitaby Chapter 1
  6. Zebur Chapter 104
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *