Read Zebur Chapter 10 Online
Read Zebur Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 10
Bap 10
1. Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
2. Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi. נ
3. Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
4. Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz erbetler, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
5. Elmydama üstünlikli bolýar onuň ýollary, מ
6. göz ýetirerinden Seniň hökümleriň ýokary. Ol ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
7. Ýüreginde diýýär: «Meni hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzüm ýamanlyk görmez». פ
8. Onuň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, diliniň astynda zyýan, etmiş bar. ע
9. Obalaryň ýanynda oturýar ol bukuda, bigünäni öldürýär gizlin ýerlerde; göz astyna alyp, ol ejizi aňtaýar;
10. ol şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby öz toruna tutýar.
11. Ol egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de onuň goluna düşýär.
12. Öz ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny». ק
13. Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
14. Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýärler, ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýärler? ר
15. Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. שׁ
16. Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
17. Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler. ת
18. Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.
About Zebur Chapter 10
Read Zebur Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 10
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 10?
Zebur Chapter 10 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 128
- Zebur Chapter 129
- Zebur Chapter 18
- Zebur Chapter 12
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 88
- Zebur Chapter 97