Zebur Chapter 105

For English

Read Zebur Chapter 105 Online

Read Zebur Chapter 105 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 105

Bap 105

1. Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.

2. Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.

3. Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.

4. Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.

5. Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!

6. Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.

7. Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.

8. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini,

9. Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar.

10. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».

11. Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.

12. Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.

13. Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.

14. Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.

15. Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».

16. Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi.

17. Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy.

18. Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy, boýny demir halka salyndy.

19. Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança, Onuň sözi Ýusuby synap barlady.

20. Patyşa adam iberip, ony boşatdy, halklaryň hökümdary ony azat eýledi.

21. Oňa emeldarlarynyň üstünden ygytyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip,

22. Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.

23. Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.

24. Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.

25. Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip, duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.

26. Reb olaryň arasyna bendesi Musany we seçip saýlan Harunyny ýollady.

27. Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny, Ham ýurdunda – gudratlaryny.

28. Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy, Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.

29. Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.

30. Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da, gurbagalardan dos-doly boldy.

31. Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.

32. Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.

33. Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym-pytrak etdi.

34. Ol buýurdy: çekitgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.

35. Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi, topragynyň hasylyny ýuwutdy.

36. Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.

37. Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy, olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.

38. Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi, çünki olar zerarly üstlerine howp-hatar abandy.

39. Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy.

40. Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi.

41. Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy.

42. Çünki Öz bendesi Ybraýyma beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.

43. Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny, nagma bilen – seçip saýlanlaryny.

44. Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly, Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly, başga milletleriň ýurduny olara berdi.

45. Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

About Zebur Chapter 105

Read Zebur Chapter 105 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 105
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 105 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 105?

Zebur Chapter 105 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 105 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 87
  2. Zebur Chapter 109
  3. Zebur Chapter 54
  4. Zebur Chapter 57
  5. Zebur Chapter 12
  6. Zebur Chapter 65
  7. Zebur Chapter 90

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 7
  2. Müsürden çykyş Chapter 12
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
  4. Ezekiýel Chapter 12
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 7
  7. Petrusyň birinji haty Chapter 3
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *