Read Zebur Chapter 118 Online
Read Zebur Chapter 118 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 118
Bap 118
1. Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!
2. Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
3. Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
4. Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
5. Darygan çagymda çagyrdym Rebbi, Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.
6. Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin?
7. Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.
8. Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
9. Şalara bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
10. Ähli milletler gurşap aldy daşymy, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
11. Olar gurşap aldy meniň daşymy, çar tarapdan gabady meni, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
12. Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
13. Ýykylarym ýaly, gaty itildim, emma Reb boldy meniň kömegim.
14. Reb – güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir.
15. Dogrularyň çadyrlarynda şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar: «Rebbiň goly zor işleri görkezýär!
16. Rebbiň goly belende galýar! Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»
17. Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.
18. Reb meni berk jezalandyrdy, emma ölüme meni bermedi.
19. Açyň maňa dogrulyk derwezelerini, men girip, Rebbe şükür edeýin.
20. Bu – Rebbiň derwezeleri, dogrular ondan girerler.
21. Men Saňa şükür edeýin, çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.
22. Ussalaryň ret eden daşy, binýadyň burç daşy boldy.
23. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy.
24. Bu – Rebbiň ýaradan güni, geliň onda begeneli we şatlanaly.
25. Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.
26. Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly! Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.
27. Beýik Hudaýdyr, üstümize nur saçan Oldur. Gurbanlyk malyny alyň, ony gurbanlyk sypasynyna daňyň.
28. Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.
29. Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!
About Zebur Chapter 118
Read Zebur Chapter 118 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 118
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 118 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 118?
Zebur Chapter 118 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 118 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 101
- Zebur Chapter 100
- Zebur Chapter 113
- Zebur Chapter 123
- Zebur Chapter 68
- Zebur Chapter 107
- Zebur Chapter 112