Read Zebur Chapter 104 Online
Read Zebur Chapter 104 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 104
Bap 104
1. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!
2. Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.
3. Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.
4. Sen ýelleri Özüňe ilçi edinýäň, ot-alawy Özüňe emeldar edýäň.
5. Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy.
6. Sen ony çuňluklara beslediň, daglar suwlaryň astynda galdy.
7. Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
8. Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.
9. Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, Sen olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
10. Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar.
11. Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
12. Gök guşlary olaryň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
13. Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.
14. Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
15. ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny, ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.
16. Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
17. Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.
18. Belent daglar dag geçileri üçindir, baýyrlar torsuklara penadyr.
19. Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.
20. Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.
21. Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.
22. Gün dogýar, olar yza çekilýär, sürenlerine girýär-de, ýatýar;
23. ynsan öz işine ugraýar, agşama çenli ol zähmet çekýär.
24. Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly! Sen olaryň baryny etdiň paýhasly, Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.
25. Ynha deňiz: ol ägirt we giň ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler, ululy-kiçili jandarlar bardyr.
26. Ol ýerde gämiler ýüzýär, deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.
27. Rysklaryny wagtynda berersiň diýip, olaryň bary Saňa garaşýar.
28. Sen berýärsiň – olar ýygnaýar, eliňi açýarsyň – näzi-nygmatdan doýýar.
29. Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.
30. Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.
31. Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun, Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.
32. Ol ýere seredýär, ol hem titreýär, daglara elin degirýär – olar tüteýär.
33. Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn, barkam Hudaýa alkyş okaryn.
34. Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun, çünki men Rebde şatlanýandyryn.
35. Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun, erbet adamlar indi asla bolmasyn. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
About Zebur Chapter 104
Read Zebur Chapter 104 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 104
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 104 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 104?
Zebur Chapter 104 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 104 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 15
- Zebur Chapter 54
- Zebur Chapter 145
- Zebur Chapter 44
- Zebur Chapter 150
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 133