Read Zebur Chapter 106 Online
Read Zebur Chapter 106 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 106
Bap 106
1. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2. Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?
3. Adalaty goraýanlar, elmydama dogrulyk edýänler neneňsi bagtly!
4. Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal.
5. Seniň seçip saýlanlaryň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.
6. Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.
7. Ata-babalarymyz Müsürde gudratlaryňa düşünmediler, boldan-bol wepaly söýgiňi ýatlamadylar. Gyzyl deňziň ýakasynda baş galdyrdylar.
8. Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.
9. Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.
10. Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden gutardy.
11. Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi, olardan hiç biri aman galmady.
12. Şonda Onuň sözlerine olar uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.
13. Emma olar Onuň işlerini tiz unutdylar, Onuň maslahatyna garaşmadylar.
14. Olar çölde açgözlüge göwün berdiler, çöl-beýewanda Hudaýy synap gördüler.
15. Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.
16. Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.
17. Ýer ýarylyp Datany ýalmap ýuwutdy, Abyramyň toplanyşygynyň üstüni örtdi.
18. Olaryň toplanyşygynda ot alawlady, erbetleri ýalyn ýandyrdy.
19. Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.
20. Olar Hudaýyň şan-şöhratyny ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.
21. Olar Hudaýy – Müsürde beýik işleri, Ham ýurdunda gudratlary işleri,
22. Gyzyl deňzinde haýbatly işleri eden Halasgärlerini ýatdan çykardy.
23. Ol olary ýok etmek howpuna saldy, emma Musa, Onuň saýlany, Oňa töwella etdi, Onuň ýandyryjy gazabyn sowdy.
24. Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar.
25. Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.
26. Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip,
27. olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.
28. Soňra Bagalpegora bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlary olar iýdiler.
29. Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.
30. Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.
31. Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.
32. Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.
33. Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy, onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.
34. Olar Rebbiň buýranlaryny berjaý etmediler – olar halklary ýoklamadylar.
35. Gaýtam milletlere garyşyp, olaryň däp-dessuryna eýerdiler.
36. Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular.
37. Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler.
38. Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.
39. Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.
40. Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.
41. Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.
42. Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.
43. Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.
44. Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.
45. Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, wepaly söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.
46. Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy.
47. Eý, Hudaýymyz Reb, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi toplap al.
48. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun! Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
About Zebur Chapter 106
Read Zebur Chapter 106 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 106
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 106 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 106?
Zebur Chapter 106 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 106 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 26
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 28
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 12
- Zebur Chapter 116
- Zebur Chapter 37
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 63
- Zebur Chapter 120