Read Zebur Chapter 59 Online
Read Zebur Chapter 59 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 59
Bap 59
1. Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.
2. Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.
3. Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
4. Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!
5. Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
6. Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
7. Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.
8. Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.
9. Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.
10. Hudaýym wepaly söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.
11. Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.
12. Olar agyzlarynyň günäsi üçin, dilleriniň sözleri üçin, aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin, tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.
13. Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela
14. Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
15. Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar.
16. Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde wepaly söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň.
17. Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.
About Zebur Chapter 59
Read Zebur Chapter 59 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 59
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 59 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 59?
Zebur Chapter 59 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 59 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 26
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 65
- Zebur Chapter 89
- Zebur Chapter 115
- Zebur Chapter 25
- Zebur Chapter 107
- Zebur Chapter 146