Işaýa Chapter 16

For English

Read Işaýa Chapter 16 Online

Read Işaýa Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 16

Bap 16

1. Sähra ýoly bilen Seladan Siýon gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.

2. Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.

3. «Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.

4. Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.

5. Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.

6. Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.

7. Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharesetiň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.

8. Heşbonyň ekin meýdanlary, Sibmanyň üzümçilikleri gurady; başga milletleriň baştutanlary saýlama üzümçilikleri basgyladylar; üzümçilikler Ýazere ýetip, çöle çenli ýaýyldy; şahalary ýaýrap, deňizden-de aşdy.

9. Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.

10. Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.

11. Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirheres üçin barbat dek nala çekýär.

12. Mowaplylar sežde edýän ýerlerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.

13. Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi.

14. Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».

About Işaýa Chapter 16

Read Işaýa Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 16
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 16?

Işaýa Chapter 16 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 14
  4. Isaya Chapter 34
  5. Isaya Chapter 28
  6. Isaya Chapter 26
  7. Isaya Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Malaky Chapter 1
  2. Işaýa Chapter 62
  3. 1 Şamuwel Chapter 31
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 26
  5. Zebur Chapter 92
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 16
  7. Işaýa Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 7
  2. Eýýup Chapter 22
  3. Gelip çykyş Chapter 46
  4. Kanun taglymaty Chapter 16
  5. Işaýa Chapter 54
  6. Zebur Chapter 74
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *