Zebur Chapter 103

For English

Read Zebur Chapter 103 Online

Read Zebur Chapter 103 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 103

Bap 103

1. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.

2. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.

3. Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär.

4. Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, wepaly söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.

5. Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.

6. Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.

7. Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny, ysraýyl halkyna – Öz işlerini.

8. Reb rehimdar we merhemetli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.

9. Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.

10. Ol bize günälerimize görä garanok, ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.

11. Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň wepaly söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.

12. Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa, şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.

13. Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin, Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.

14. Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.

15. Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,

16. üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.

17. Emma ezelden ebedä çenli Rebden gorkýanlara Onuň wepaly söýgüsi. Onuň dogrulygy hem çagalarynyň çagalaryna:

18. Onuň ähtini saklaýanlara, buýruklaryny berjaý etmegi unutmaýanlara.

19. Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.

20. Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!

21. Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!

22. Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!

About Zebur Chapter 103

Read Zebur Chapter 103 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 103
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 103 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 103?

Zebur Chapter 103 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 103 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 53
  2. Zebur Chapter 101
  3. Zebur Chapter 104
  4. Zebur Chapter 79
  5. Zebur Chapter 63
  6. Zebur Chapter 90
  7. Zebur Chapter 20

Related Chapters & Readings

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
  2. 2 patyşalar Chapter 20
  3. Ezekiýel Chapter 7
  4. 1 Şamuwel Chapter 12
  5. Sepanýa Chapter 2
  6. Ýeşuwa Chapter 4
  7. Ester Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *