Mattanyň Hoş Habary Chapter 2

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 2

Bap 2

1. Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip:

2. «Ýehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.

3. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagopluga düşdi.

4. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady.

5. Olar şeýle jogap berdiler: «Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr:

6. „Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr"».

7. Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady.

8. «Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi.

9. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy.

10. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler.

11. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meremi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler.

12. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.

13. Müneçjimler ugranlaryndan soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç, saňa aýdýançam şol ýerde gal, çünki Hirodes çagany öldürmek üçin Ony agtarjak bolup ýör» diýdi.

14. Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, gije Müsüre gitdi.

15. Rebbiň pygamber arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip aýdany ýerine ýeter ýaly, Hirodesiň ölümine deňeç şol ýerde galdy.

16. Müneçjimleriň aldanyny bilensoň, Hirodes gaty gaharlanyp, Beýtullahama we onuň etrabyndaky ähli obalara adam iberdi-de, müneçjimlerden sorap anyklan wagtynda bolan oglanlaryň iki ýaşlysyna çenli hemmesini öldürtdi.

17. Şeýlelikde, Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan şu söz ýerine ýetdi:

18. «Ramadan bir ses eşidildi, agy we çuň matam sesi. Çagalary üçin aglaýan Rahel özüne teselli berilmegini islemeýär, çünki olar ýok».

19. Hirodes ölende, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:

20. «Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyl ýurduna gaýt, çünki çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi.

21. Ol turdy, çagadyr ejesini alyp, Ysraýyl ýurduna gaýtdy.

22. Ýöne Arhelasyň öz atasy Hirodesiň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy, düýş bilen duýduryş berlensoň bolsa, Jelile etraplaryna ýola düşdi.

23. Gelip, Nasyra diýen bir şäherde mesgen tutdy, şeýdip, pygamber arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz ýerine ýetdi.

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 2

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 2
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 2?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18

Explore More from Täze Äht

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
  5. Ýewreýlere haty Chapter 6
  6. Filipililere haty Chapter 3
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 110
  2. Lewiler kitaby Chapter 24
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23
  4. Gelip çykyş Chapter 20
  5. 1 Timoteosa haty Chapter 5
  6. Zebur Chapter 108
  7. Zebur Chapter 123
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *