Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 Online
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mattanyň Hoş Habary 17
Bap 17
1. Isa alty günden soň, diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýahýany ýanyna alyp, olary bir beýik dagyň üstüne çykardy.
2. Olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-eşigi yşyk ýaly agardy.
3. Birdenkä, olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
4. Petrus Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb! Bize bu ýerde bolmak ýakymly. Eger Sen isleseň, men üç çadyr guraýyn: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa».
5. Ol entek gepläp durka, nurly bir bulut olara kölege saldy. Bulutdan şeýle bir owaz geldi: «Bu Meniň söýgüli Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Ony diňläň».
6. Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.
7. Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi.
8. Olar gözlerini galdyranlarynda, diňe Isadan başga hiç kimi görmediler.
9. Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, göreniňizi hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.
10. Şägirtleri Ondan: «Eýse näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
11. Ol hem jogap berip diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas gelip, hemme zady düzetmelidir.
12. Emma Men size aýdýaryn, Ylýas eýýäm geldi, ony tanamadylar, oňa halanlaryny etdiler. Şonuň ýaly, Ynsan Ogly-da olaryň elinden görgi görer».
13. Şonda şägirtler Onuň özlerine Çokundyryjy Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
14. Märekäniň ýanyna baranlarynda, bir adam gelip, Isanyň öňünde dyza çöküp, şeýle diýdi:
15. Ýa Reb! Meniň ogluma rehim et, sebäbi ol tutgaýly, köp ezet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.
16. Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler».
17. Isa şeýle jogap berdi: «Eý ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere Maňa getiriň».
18. Isa jyna käýedi, jyn hem oglandan çykdy. Oglan şol sagadyň özünde sagaldy.
19. Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, öz-özlerikä Oňa: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler.
20. Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç" diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz.
21. Bu hili jynlary doga we orazadan başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir».
22. Jelilede gezip ýörkäler Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler.
23. Ony öldürerler, Ol üçünji güni direler». Şägirtler gaty gynandylar.
24. Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Siziň Mugallymyňyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler.
25. Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi.
26. Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa şeýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir.
27. Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çeňňek taşla. Oňa ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsaň, bir teňňä gözüň düşer. Ony al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem olara ber».
About Mattanyň Hoş Habary Chapter 17
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 17
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 17?
Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from mattanyň-hoş-habary
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 18
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 4
- Galatýalylara haty Chapter 6
- 1 Korintoslylara haty Chapter 2
- Ýahýa gelen ylham Chapter 18
- Efeslilere haty Chapter 5
- Resullaryň Işleri Chapter 6