Read 2 Korintoslylara haty Chapter 8 Online
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Korintoslylara haty 8
Bap 8
1. Eý doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemetini size bildirýäris.
2. Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi.
3. Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin.
4. Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler.
5. Hatda umyt edişimizden-de ýokary bolup, olar özlerini ilki Rebbe, soň-da Hudaýyň islegi bilen bize peşgeş etdiler.
6. Şonuň üçin bu haýyr işi ozal nähili başlan bolsa, şeýle hem araňyzda bitirmegini biz Titusdan haýyş etdik.
7. Imanda, sözde, bilimde, her hili gaýratda, bize bolan söýgiňizde, ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň.
8. Muny buýruk hökmünde däl-de, beýlekileriň gaýraty arkaly söýgiňiziň hakykylygyny synap aýdýaryn.
9. Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýänsiňiz. Garyplygy bilen siz baýar ýaly, Ol baýka garyp boldy.
10. Bu hakda men öz pikirimi aýdaýyn. Çünki bu siziň üçin peýdalydyr. Siz öten ýyldan bäri diňe etmekde däl-de, muny arzuwlamakda hem ilkinjilerdiňiz.
11. Indi arzuwlamaga göwünjeň bolşuňyz ýaly, başardygyňyzdan, bu işiň bitmegi üçin, ony soňuna çenli alyp baryň.
12. Çünki göwünjeňlik bar bolsa, adamyň ýoguna görä däl, baryna görä bermegi makuldyr.
13. Biz başgalaryna ýeňil, size agyr bolmagyny islämzok, deňligi isleýäris.
14. Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn.
15. Şeýle, «Köp ýygnanyň artygy, az ýygnanyň hem kem zady bolmady» diýip ýazylyşy ýaly, deňlik bolar.
16. Siz babatdaky şeýle yhlasy Titusyň ýüregine guýýan Hudaýa şükür!
17. Çünki ol biziň haýyşymyza gulak asyp, köp yhlasly bolany üçin, öz islegi bilen siziň ýanyňyza gitdi.
18. Biz Hoş Habarda bütin ýygnaklar tarapyndan taryplanýan dogany hem onuň bilen bile ýolladyk.
19. Mundan başga-da ol dogan Rebbiň şöhraty üçin we biziň öz göwünjeňligimizi görkezmek üçin ýerine ýetirýän bu haýyr işimizde ýygnaklar tarapyndan bize ýoldaşlyk etmäge saýlandy.
20. Biz gullugymyz bilen gazanylan bu gatanç hakda hiç kim bize garalyk ýapmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris.
21. Çünki biz diňe bir Reb huzurynda däl, eýsem, adamlar huzurynda-da ýagşy işiň aladasyny edýäris.
22. Yhlaslydygyny köp zatlarda telim gezek synan, indi hem size bolan uly ynamy arkaly has-da yhlasly bolan doganymyzy hem olar bilen ýolladyk.
23. Titus hem meniň şägirdim, siziň araňyzdaky işdeşimdir. Doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň ilçileri, Mesihiň şöhratydyr.
24. Indi söýgiňizi, siz hakdaky magtanjymyzy ýygnaklaryň gözüniň alnynda olara subut ediň.
About 2 Korintoslylara haty Chapter 8
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 8
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Korintoslylara haty Chapter 8?
2 Korintoslylara haty Chapter 8 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-korintoslylara-haty
- 2 Korintoslylara haty Chapter 5
- 2 Korintoslylara haty Chapter 6
- 2 Korintoslylara haty Chapter 2
- 2 Korintoslylara haty Chapter 7
- 2 Korintoslylara haty Chapter 3
- 2 Korintoslylara haty Chapter 10
- 2 Korintoslylara haty Chapter 9
Explore More from Täze Äht
- Ýahýa gelen ylham Chapter 6
- Petrusyň birinji haty Chapter 2
- Ýahýa gelen ylham Chapter 12
- Resullaryň Işleri Chapter 4
- 2 Korintoslylara haty Chapter 5
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 2