Mattanyň Hoş Habary Chapter 14

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 14

Bap 14

1. Şol wagt Isanyň owazasy tetrarh Hirodesiň gulagyna ýetdi.

2. Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi şeýledir» diýdi.

3. Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi.

4. Çünki Ýahýa Hirodese: «Seniň ony almagyň dogry däl» diýipdi.

5. Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy.

6. Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyň gyzy ortada tans edip, Hirodesiň göwnüni çaglady.

7. Şoňa görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi.

8. Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, şu ýerde maňa ber» diýdi.

9. Patyşa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa berilmegini buýurdy.

10. Adam iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdirdi.

11. Onuň başy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi.

12. Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onsoň baryp, Isa habar berdiler.

13. Isa muny eşidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny eşidip, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdiler.

14. Ol gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy.

15. Agşam düşende şägirtler Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler.

16. Emma Isa olara: «Olara gitmegiň geregi ýok, siz iýmäge zat beriň» diýdi.

17. Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.

18. Ol hem: «Olary şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.

19. Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy buýurdy. Bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar.

20. Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.

21. Iýenler aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.

22. Märekäni ugradyp durka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmegi buýurdy.

23. Märekäni ugradanyndan soň, Onuň ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agşam düşende hem şol ýerde ýekedi.

24. Gaýyk bolsa şol wagt kölüň ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zyňylýardy.

25. Gijäniň dördünji nobatynda Isa kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi.

26. Emma şägirtler Onuň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýşip aljyradylar, gorkudan ýaňa gygyryşdylar.

27. Emma Isa derrew: «Batyr boluň, bu Men, gorkmaň» diýip, olara söz gatdy.

28. Petrus Oňa jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýdi.

29. Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzi bilen ýöremäge başlady.

30. Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, ýaňy gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy.

31. Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.

32. Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy.

33. Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.

34. Olar deňziň aňyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar.

35. Ol ýeriň adamlary Isany tanap, tutuş şol töwereklere adam iberip, syrkawlaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler.

36. Olar diňe geýiminiň syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Oňa ýalbardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy. ‎

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 14

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 14
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 14?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18

Explore More from Täze Äht

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 25
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 2
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 7
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 6
  5. 1 Korintoslylara haty Chapter 8
  6. 1 Selaniklilere haty Chapter 2
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  2. 1 patyşalar Chapter 7
  3. Mika Chapter 4
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10
  5. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
  6. Zebur Chapter 127
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 23
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *