Mattanyň Hoş Habary Chapter 4

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 4

Bap 4

1. Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin, çöle äkitdi.

2. Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutansoň ajykdy.

3. Synagçy ýanyna gelip, Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi.

4. Emma Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

5. Onsoň iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturtdy-da,

6. Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler"».

7. Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama" diýip-de ýazylgydyr» diýdi.

8. Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip,

9. Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin» diýdi.

10. Şonda Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et" diýip ýazylgydyr» diýdi.

11. Onsoň iblis Ony terk edip gitdi. Perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler.

12. Isa Ýahýanyň tutulanyny eşidende, Jelilä gitdi.

13. Ol Nasyradan aýrylyp, Zebulun we Naftaly etrabyna bardy, deňiz ýakasynda bolan Kapernaumda mekan tutdy.

14. Şeýdip, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözler ýerine ýetdi:

15. «Zebulun ýurdy we Naftaly ýurdy, Iordanyň aňyrsynda, Deňiz ýakasyndaky ýolda, Milletleriň Jelilesinde,

16. Garaňkyda oturan halk Bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde Oturanlara yşyk ýalpyldady».

17. Şondan soň Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge başlady.

18. Ol Jelile kölüniň ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyň ― Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyň deňze torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar.

19. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.

20. Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.

21. Isa ol ýerden öňräk gidensoň, başga bir iki doganyň ― Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýanyň öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy.

22. Olar hem derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.

23. Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi.

24. Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.

25. Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahuda we Iordanyň aňyrsyndan uly märekeler Onuň yzyna düşdi. ‎

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 4

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 4
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 4?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 10
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 9
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 1

Explore More from Täze Äht

  1. Resullaryň Işleri Chapter 18
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
  3. Ýewreýlere haty Chapter 12
  4. Resullaryň Işleri Chapter 21
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  6. Titusa haty Chapter 2
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 5

Related Chapters & Readings

  1. Danyýel Chapter 7
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
  3. Işaýa Chapter 64
  4. Zebur Chapter 2
  5. Titusa haty Chapter 1
  6. Ýermeýa Chapter 2
  7. Çölde Chapter 25
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *