Read Resullaryň Işleri Chapter 3 Online
Read Resullaryň Işleri Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Resullaryň Işleri 3
Bap 3
1. Bir gün günortandan üç sagat soň ― doga wagtynda Petrus bilen Ýahýa ikisi ybadathana gitdi.
2. Dogabitdi otura birini her gün göterip, ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturdýardylar. Ol ybadathana girýänlerden sadaka dileýärdi.
3. Bu adam Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi.
4. Petrus bilen Ýahýanyň oňa gözleri düşdi. Petrus oňa garap: «Bize seret!» diýdi.
5. Ýaňky adam olardan bir zat hantama bolup, olara çiňerilip seretdi.
6. Petrus oňa şeýle diýdi: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne öz barymy saňa berýärin: Nasyraly Isa Mesihiň adyndan: Ýöre!»
7. Onsoň sag elinden tutup, ol ony galdyrdy. Şobada hem ýaňky adamyň aýaklaryna, topuklaryna ysgyn geldi.
8. Ol ýokary towusdy-da, dik durup, ýöräp başlady. Gezmeläp, towsup, Hudaýa alkyş okap, olar bilen birlikde ybadathana girdi.
9. Bütin halk onuň ýöräp, Hudaýa alkyş okap ýörenini gördi.
10. Onuň sadaka dilemek üçin ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturýan adamdygyny tanadylar, onuň başyndan geçen işe haýran galdylar.
11. Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýahýany goýbermän durka, bütin halk geňirgenişip, olara tarap, Süleýmanyň Eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.
12. Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Näme üçin muňa geňirgenişýärsiňiz? Biz muny öz güýjümiz ýa takwalygymyz bilen ýöreden ýaly, näme üçin bize bakyşyp dursuňyz?
13. Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy, biziň atalarymyzyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Ony siz ölüme tabşyrdyňyz, Pilatus Ony boşatmagy ýüregine düwende, onuň öňünde siz Ony inkär etdiňiz.
14. Mukaddes we dogry Adamy inkär edip, bir adam öldürijiniň özüňize bagyşlanmagyny talap etdiňiz.
15. Ýaşaýyş Başlygyny öldürdiňiz; ýöne Hudaý Ony direltdi, muňa biz güwä geçýäris.
16. Siziň görýän, tanaýan şu adamyňyz Isa bolan öz ynamy arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Bu adama kuwwat beren zat onuň Isa bolan ynamydyr.
17. Eý doganlar, men siziň-de öz başlyklaryňyz ýaly, muny bilmezlikden edendigiňizi bilýärin.
18. Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi.
19. Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, dönüň.
20. Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar.
21. Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberler arkaly aýdanlarynyň barynyň gaýtadan tertip-düzgüne salynjak wagtyna çenli Gök Ony kabul etmelidir.
22. Çünki Musa atalarymyza şeýle diýipdi: „Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir. Onuň ähli diýjeklerine gulak asyň.
23. Şol Pygambere gulak asmadyk her jan halk arasyndan ýok ediler".
24. Samuýelden başlap, ähli pygamberler, geplänleriň bary şu günleri habar berdiler.
25. Siz pygamberleriň ogullarysyňyz, Hudaýyň Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli uruglary seniň nesliňden bereket tapar!" diýip, ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň ogullarysyňyz.
26. Hudaý Öz saýlan guly Isany siziň her biriňizi ýaman päliňizden gaýtarsyn, size bereket bersin diýip direltdi, Ony ilki bilen size ýollady».
About Resullaryň Işleri Chapter 3
Read Resullaryň Işleri Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 3
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Resullaryň Işleri Chapter 3?
Resullaryň Işleri Chapter 3 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from resullaryň-işleri
- Resullaryň Işleri Chapter 26
- Resullaryň Işleri Chapter 23
- Resullaryň Işleri Chapter 20
- Resullaryň Işleri Chapter 18
- Resullaryň Işleri Chapter 17
- Resullaryň Işleri Chapter 25
- Resullaryň Işleri Chapter 19
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 23
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 13
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 17
- 1 Korintoslylara haty Chapter 13
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 2
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 3