Read 1 Korintoslylara haty Chapter 6 Online
Read 1 Korintoslylara haty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Korintoslylara haty 6
Bap 6
1. Başga biri bilen dawasy bolan siziň biriňiz mukaddesler huzurynda däl-de, imansyzlaryň öňünde üstünden höküm çykarylmagyna ýürek edermi?
2. Ýa-da siz mukaddesleriň dünýäniň üstünden höküm çykarjagyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň üstünden höküm çykarjak bolsaňyz, onda kiçi dawalaryň üstünden höküm çykarmaga siz mynasyp dälmi?
3. Bu ýaşaýşyň işleri beýlede dursun, siz biziň perişdeleriň-de üstünden höküm çykarjakdygymyzy bilmeýärsiňizmi?
4. Bu ýaşaýşyň işlerini höküm etmeli bolsaňyz, onda ýygnakda sylanmaýan adamlary bu işe goýýarsyňyz.
5. Muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn: öz doganlarynyň arasynda höküm etmegi başarýan ýekeje-de akyldar adam araňyzda ýokmy?
6. Gaýtam, dogan-dogan bilen diwana gidişýär, özem imansyzlaryň öňünde.
7. Dogrudan-da, araňyzda diwana gidişmeleriň barlygynyň özi siziň üçin bütinleý bir şowsuzlykdyr. Adalatsyzlyk çekmek siziň üçin has gowy dälmi? Talaňa döz gelmek siziň üçin has gowy dälmi?
8. Emma siziň özüňiz adalatsyzlyk edýärsiňiz, talaýarsyňyz, özem doganlaryňyzy.
9. Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar,
10. ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar.
11. Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz.
12. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir.
13. Iýmit garyn üçin, garyn-da iýmit üçindir, ýöne Hudaý ikisini-de ýok eder. Ten bolsa ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir, Reb-de ten üçindir.
14. Hudaý Öz gudraty bilen Rebbi direltdi, bizi-de direlder.
15. Siz teniňiziň Mesihiň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Men Mesihiň agzasyny alyp, bir kemçiniň agzasy edeýinmi? Etmen!
16. Ýa-da bir kemçin bilen birleşeniň onuň bilen bir ten bolýanyny bilmeýärsiňizmi? Sebäbi: «Ikisi bir ten bolar» diýlendir.
17. Emma Reb bilen birleşen Onuň bilen bir ruhdur.
18. Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir.
19. Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi?
20. Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.
About 1 Korintoslylara haty Chapter 6
Read 1 Korintoslylara haty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Korintoslylara haty
Chapter: 6
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Korintoslylara haty Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Korintoslylara haty Chapter 6?
1 Korintoslylara haty Chapter 6 is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Korintoslylara haty Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1 Korintoslylara Haty
- 1 Korintoslylara haty Chapter 1
- 1 Korintoslylara haty Chapter 2
- 1 Korintoslylara haty Chapter 15
- 1 Korintoslylara haty Chapter 8
- 1 Korintoslylara haty Chapter 3
- 1 Korintoslylara haty Chapter 16
- 1 Korintoslylara haty Chapter 10
Explore More from Täze Äht
- Petrusyň birinji haty Chapter 5
- 1 Selaniklilere haty Chapter 2
- Ýahýa gelen ylham Chapter 6
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 9
- Ýakubyň haty Chapter 4
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 3