Ýahýa gelen ylham Chapter 2

For English

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 2 Online

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýa gelen ylham 2

Bap 2

1. Efesdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: ýedi ýyldyzy sag elinde saklap duran, ýedi altyn şemdanyň arasynda gezýän şeýle diýýär:

2. Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Köp zähmetler çekeniňi, sabyrlydygyňy, ýaman adamlara çydap bilmeýäniňi bilýärin. Sen, resul bolmasalar-da, özlerine resul diýýänleri synadyň, olaryň ýalançydygyna göz ýetirdiň.

3. Seniň sabryň bar. Meniň adym ugrunda dert çekdiň, ýadamadyň.

4. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň.

5. Şonuň üçin, nirede ýykylanyňy ýada sal-da, toba et, ozalky edýän işleriňi ýerine ýetir. Toba etmeseň, ýanyňa gelip, şemdanyňy duran ýerinden gozgaryn.

6. Ýene-de seniň peýdaňa bolan bir zat bar. Sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň, Men-de olary ýigrenýärin.

7. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýme ygtyýaryny bererin». Izmirdäki ýygnaga

8. Izmirdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Ölen hem Direlen, Birinji hem Iň Soňky şeýle diýýär:

9. Seniň muşakgatlaryňy, garyplygyňy bilýärin. Aslynda, sen baýsyň! Özlerine ýehudy diýýänleriň dil ýetirýäninden hem habarym bar. Olar ýehudy däl-de, şeýtanyň sinagogasydyr.

10. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.

11. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňen ikinji ölümden zyýan görmez».

12. Bergamadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyçly şeýle diýýär:

13. Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň hem tagty şol ýerdedir. Sen Meniň adymy berk saklaýarsyň. Araňyzda şeýtanyň ýaşaýan ýerinde öldürilen sadyk şaýadym Antipas barka-da, sen Maňa bolan imanyňdan dänmändiň.

14. Ýöne sende oňlamaýan birnäçe zadym bar. Ol ýerde Balamyň taglymatyna eýerýänler bar. Buta hödürlenen gurbanlary iýmekleri, zyna etmekleri üçin, Ysraýyl ogullaryna duzak gurmagy Balaka Balam öwretdi.

15. Şonuň ýaly-da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar.

16. Munuň üçin toba et! Ýogsa tiz ýanyňa gelip, agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn.

17. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene gizlin mannadan bererin. Ýene-de oňa bir ak daş bererin. Bu daşyň ýüzünde täze at ýazylgydyr. Ony daşy alandan başga hiç kim bilýän däldir».

18. Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Gözleri oduň ýalny ýaly, aýaklary gyzardylan parlak mise meňzeş Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:

19. Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdügini bilýärin.

20. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar. Sen özüni pygamber diýip yglan eden Izebel atly aýala ýol berýärsiň. Bu aýal Meniň bendelerimi taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorluk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlardan iýdirjek bolýar.

21. Men oňa toba etmäge wagt berdim, emma ol zynahorlukdan toba etmek islemeýär.

22. Gör, ine, Men ony muşakgatdan doly düşekde ýatyraryn, onuň bilen zyna edenleri-de, öz eden işlerinden toba etmeseler, uly muşakgatlaryň içine taşlaryn.

23. Onuň oglanlaryny mergi bilen öldürerin. Şonda bütin ýygnaklar ýürekleri hem göwünleri barlaýanyň Mendigimi biler. Men siziň her biriňize eden işleriňiziň hakyny bererin.

24. Emma size, ýagny Tiýatiradaky beýlekilere, bu taglymata bagly dälleriň baryna, olaryň diýşi ýaly, „Şeýtanyň çuňluklaryny" bilmeýänleriň baryna aýdýaryn: siziň üstüňize başga zat ýüklemeýärin.

25. Ýöne Men gelýänçäm, özüňizdäkini saklaň.

26. Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin.

27. Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder.

28. Men oňa daň ýyldyzyny bererin.

29. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».

About Ýahýa gelen ylham Chapter 2

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 2
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýa gelen ylham Chapter 2?

Ýahýa gelen ylham Chapter 2 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 14
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 3

Explore More from ýahýa-gelen-ylham

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 16
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 11
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 5
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 10
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. Habakuk Chapter 3
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 9
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 15
  4. Ýermeýa Chapter 40
  5. Zebur Chapter 32
  6. 1 Şamuwel Chapter 17
  7. Zebur Chapter 31
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *