Read Resullaryň Işleri Chapter 26 Online
Read Resullaryň Işleri Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Resullaryň Işleri 26
Bap 26
1. Agrippa patyşa Pawlusa: «Saňa özüňi gorap geplemäge rugsatdyr» diýdi. Ine, şonda Pawlus elini uzadyp, özüni goramaga durdy:
2. Eý Agrippa patyşa! Ýehudylaryň meni aýyplaýan bütin zatlary babatda özümi bu gün seniň öňüňde goramalydygym üçin men özümi bagtly saýýaryn.
3. Çünki, ýehudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden seniň habaryň bar. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.
4. Meniň öz milletimiň arasynda, Iýerusalimde geçen durmuşymy başlangyçdan, ýaşlygymdan bäri bütin ýehudylar bilýärler.
5. Güwä geçmek isleýän bolsalar, meni köp wagtdan bäri tanaýarlar. Men dinimiziň iň berk mezhebi boýunça fariseý bolup ýaşadym.
6. Şindi hem Hudaý tarapyndan ata-babalarymyza berlen wada umyt baglanym üçin diwan öňünde durun.
7. Halkymyzyň on iki taýpasy gije-gündiz Hudaýa yhlasly gulluk edip, bu wada ýetmegi umyt edýär. Eý patyşa, men şu umyt üçin ýehudylar tarapyndan aýyplanýaryn.
8. Hudaýyň ölüleri direltmegi näme üçin sizde bolmajak zat saýylýar?
9. Dogrusy, Nasyraly Isanyň adyna garşy köp zatlary etmegi men öz ýanymdan wajyp bilýärdim.
10. Muny-da Iýerusalimde etdim; baş ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndanlara saldym, öldürilmeli bolanlarynda ses berdim.
11. Olary bütin sinagogalarda öwran-öwran jezalandyryp, Isa dil ýetirmäge mejbur etdim. Olara garşy çendenaşa guduzlap, olary hatda ýat şäherlere çenli yzarladym.
12. Munuň üçin baş ruhanylaryň ygtyýary we ýumşy bilen Şama barýarkam,
13. Eý patyşa, günortanlar ýolda Gökden meniň we meniň bilen barýanlaryň daş-töweregini ýagtyldan, Günüň şöhlesinden hem güýçli bir nur gördüm.
14. Barymyz ýere ýykylanymyzda, bir ses eşitdim. Ol maňa ýewreý dilinde: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň? Çişe depmek saňa kyndyr" diýdi.
15. Men: „Ýa Reb, Sen kimsiň?" diýdim. Reb şeýle diýdi: „Men seniň azar berýän Isaň.
16. Hany, dikel-de, aýak üstüne gal; çünki Men saňa gören zatlaryňa hem-de içinde aýan boljak zatlaryma hyzmatkär hem güwä edip bellemek üçin göründim.
17. Men seni öz halkyň we başga milletleriň içinden çykaryp halas ederin.
18. Olar tümlükden nura, şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly, şeýle hem Maňa bolan iman bilen günäleri bagyşlanyp, mukaddeslenenleriň arasyndan miras alar ýaly, gözlerini açmak üçin, seni olara ýollaýaryn".
19. Eý Agrippa patyşa, şonuň üçin hem men Gökden gelen görnüşe gulak asmazlyk etmedim.
20. Ilki Şamdakylary, Iýerusalimde we bütin Ýahuda ýurdundakylary hem-de başga milletleri toba edip, Hudaýa dönmäge, toba mynasyp iş bitirmäge çagyrdym.
21. Şonuň üçin ýehudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.
22. Indi maňa Hudaýyň hemaýaty nesip bolany üçin, men hem kiçä, hem ula şu güne çenli güwä geçip ýörün. Men pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan,
23. ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza hem özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga hiç zady aýdamok».
24. Ol şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni dälilige eltipdir» diýdi.
25. Pawlus oňa şeýle jogap berdi: «Eý, hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas sözlerini aýdýaryn.
26. Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl.
27. Agrippa patyşa! Sen pygamberlere iman edýärsiňmi? Iman edýäniňi bilýärin».
28. Agrippa Pawlusa: «Meni az salymyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.
29. Pawlus oňa: «Men, az bolsun, köp bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary hem şu zynjyrlarsyz meniň ýaly bolardylar diýip, Hudaýdan dileýärin» diýdi.
30. Patyşa, häkim, Berniki we olar bilen oturanlar bu sözleri eşidenlerinde, ýerlerinden galdylar.
31. Olar daşaryk çykanlarynda özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga mynasyp bir iş etmändir» diýişdiler.
32. Agrippa Festusa: «Ol dawasyny kaýsara arz etmedik bolsady, ony boşatmak bolardy» diýdi.
About Resullaryň Işleri Chapter 26
Read Resullaryň Işleri Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 26
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 26 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Resullaryň Işleri Chapter 26?
Resullaryň Işleri Chapter 26 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 26 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from resullaryň-işleri
- Resullaryň Işleri Chapter 18
- Resullaryň Işleri Chapter 17
- Resullaryň Işleri Chapter 20
- Resullaryň Işleri Chapter 13
- Resullaryň Işleri Chapter 10
- Resullaryň Işleri Chapter 25
- Resullaryň Işleri Chapter 23
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 19
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Petrusyň birinji haty Chapter 2
- Resullaryň Işleri Chapter 13
- Resullaryň Işleri Chapter 16
- Ýakubyň haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8