Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 Online
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mattanyň Hoş Habary 7
Bap 7
1. Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň.
2. Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
3. Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
4. Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek?
5. Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňden agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň.
6. Mukaddes zady itlere bermäň, dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň, olary aýaklary bilen depeläp, öwrülip, sizi tike-tike edäýmesinler».
7. Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
8. Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
9. Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer?
10. Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer?
11. Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!
12. Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur».
13. Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür.
14. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr».
15. Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler.
16. Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy?
17. Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir.
18. Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.
19. Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr.
20. Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
21. Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer.
22. Şol günde köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?" diýerler.
23. Şonda Men olara: „Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!" diýip, açyk aýdaryn».
24. Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin.
25. Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy.
26. Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik kişi öýüni çägäniň üstünde salan akmak adam ýaly bolar.
27. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy; öý ýykyldy, onuň ýykylyşy hem gorkunç boldy».
28. Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy.
29. Çünki Isa olara kanunçylar ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi».
About Mattanyň Hoş Habary Chapter 7
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 7
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 7?
Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from mattanyň-hoş-habary
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
Explore More from Täze Äht
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 22
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
- Ýahýa gelen ylham Chapter 16
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
- Petrusyň birinji haty Chapter 1
- Resullaryň Işleri Chapter 22
- 1 Korintoslylara haty Chapter 5